Polşanyň Premýer-ministri raýatlaryna Eýrana syýahat etmezlikleri üçin duýduryş berdi
Polşanyň Premýer-ministr Donald Tusk raýatlaryna Eýrany terk etmekleri üçin çagyryş etdi.
Polşanyň Premýer-ministri Donald Tusk raýatlaryna gyssagly Eýrany terk etmekleri üçin çagyryş etdi we harby dartgynlyk howpuna ünsi çekdi.
Warşawanyň golaýyndaky Zielonka şäherçesinde metbugata beýannama beren Tusk “Gyssagly Eýrany terk ediň we şol ýurda syýahat etmäň. Hiç kimi aladalandyrmak islemeýärin emma näme diýmek isleýändigimi hemmämiz bilýäris. Hakykatdan hem çaknyşyk ähtimallygy bar” diýdi.
Ewakuasiýa üçin berlen wagtyň gutarýandygy barada duýduryş beren Tusk, “Birnäçe sagat ýada birnäçe gün soň ewakuasiýa mümkin bolman biler”diýdi.
Polşanyň hökümeti Eýrandaky polşalylaryň sany hakynda hiç hili maglumat bermedi.
Polşanyň Daşary işler ministrliginiň mesele hakynda giňişleýin maglumat bermegine garaşylýar.
Geçmişde ewakuasiýa meselesinde berlen duýduryşlara üns berilmändigini we netijesiniň agyr bolandygyny nygtan Tusk, “Erbet tejribelerimiz bar. Käbir adamlar biziň beren çagyryşlarymyza üns bermedi” diýdi.
Käbir çeşmeler Tähranyň ýadro meýilnamasy baradaky gepleşikleriň dowam edýändigine garamazdan, Waşington bilen Tel-Awiwiň täze hüjüm gurap biljekdigini öňe sürýär.
Eýran bilen Ysraýylyň arasynda iýun aýynda bolan söweş 12 gün dowam edipdi. ABŞ hem Eýranyň 3 ýadro desgasyny bombalapdy.