Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow paýtagt Moskwada Moskwa Döwlet Halkara Gatnaşyklary Institutynyň (MGIMO) mugallymlary we talyplary bilen duşuşdy.
Duşuşykda çykyş eden Lawrow Germaniýanyň Russiýanyň Bonndaky konsullygyny ýapmak karary barada: "Bu nemesleriň ýigrenç esasly karary. Olar biziň Bonndaky konsullygymyzy esassyz bahana bilen ýapdylar" diýdi.
Lawrow Ukraina krizisine salgylanyp: "Ukrainadaky gapma-garşylyk Ýewropada nasizm üçin ýer galdyrmajak ýagdaýda tamamlanmaly. Eger biz häzirki režimiň Ukrainada häkimiýetde galmagyna rugsat bersek, 1945-nji ýylda nasizmi ýeňenlere dönüklik etdigimiz bolar" diýdi.
Lawrow Günbatar ýurtlary bilen gatnaşyklara açykdyklaryny, ýöne munuň öňküsi ýaly bolmajakdygyny nygtap: “Bizi geçmişde aldap gelen we häzir hem aldaýan Günbatara asla ynanyp bilmeris” diýdi.
Lawrow ABŞ-nyň we Ysraýylyň Ýakyn Gündogarda howpsuzlyk boýunça maslahatlara goşulmalydygyny belläp: "Eýranyň Pars aýlagy sebitindäki howpsuzlyk ulgamyna goşulmagy sebitde durnuklylygy üpjün etmek üçin möhüm ädim bolar" diýip belledi.
Ministr Lawrow Eýrandaky ýagdaý sebäpli Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesi taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň haýallandygyny belläp: "Şeýle-de bolsa, taslama biziň meýilnamalarymyzda galýar we durmuşa geçiriler" diýip nygtady.













