TÜRKIÝE
1 minut okamak
Ýük uçar heläkçiliginde ýogalanharbylaryň jesetleri Türkiyä getirildi
Türkiyäniň Ýaragly Güýçlerine degişli A400M uçary şehit bolan harbylaryň jesetlerini Gruziýanyň paýtagty Tbilisiden Ankaradaky Mürted howa bazasyna getirdi.
Ýük uçar heläkçiliginde ýogalanharbylaryň jesetleri Türkiyä getirildi
Türkiye
14 Noýabr 2025

Şehit bolan türk harbylaryň jesetleri penşenbe güni Türkiyä getirildi. Sişenbe güni Gruziýa-Azerbaýjan serhedinde ýük uçarynyň heläkçilige uçramagynda şehit bolan türk harbylaryň jesetleri penşenbe güni Türkiyä getirildi.

Kazyýet-lukmançylyk barlaglary tamamlanandan soň, şehit bolanlar Türkiyäniň Ýaragly Güýçlerine degişli A400M uçary bilen Gruziýanyň paýtagty Tbilisiden Ankaradaky Mürted howa bazasyna getirildi.

Uçar gonanyndan soň, şehitler tiz kömek ulagy bilen Kazyýet-lukmançylyk guramasyna äkidildi.

Türkiyäniň Ýaragly Güýçlerine degişli C-130 harby ýük uçary Azerbaýjandan Türkiyä gaýdyp barýarka heläkçilige uçrapdy.

Milli Goranmak ministrliginiň maglumatyna görä, uçaryň bortunda uçuş ekipažy bilen birlikde 20 adam bardy.