DÜNÝÄ
2 minut okamak
Tramp Hamas bilen Ysraýylyň parahatçylyk meýilnamasynyň birinji tapgyryny tassyklandygyny aýtdy
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Ysraýylyň ylalaşylan serhetlere yza çekiljekdigini we zamun alnanlaryň ählisiniň boşadyljakdygyny aýtdy.
Tramp Hamas bilen Ysraýylyň parahatçylyk meýilnamasynyň birinji tapgyryny tassyklandygyny aýtdy
Donald Tramp

Donald Tramp Ysraýyl we Hamas tarapyndan birnäçe hepde ozal teklip edilen Gaza ylalaşygynyň birinji tapgyryny kabul edendigini we ysraýylly zamun alynanlaryň hemmesiniň şol ylalaşyga laýyklykda boşadyljakdygyny aýtdy.

Tramp çarşenbe güni "Truth Social" gollanmasyndan beren beýanatynda: "Ysraýyl bilen Hamasyň Parahatçylyk meýilnamamyzyň birinji tapgyryny kabul edendiklerini buýsanç bilen yglan edýärin" diýdi.

ABŞ-nyň Prezidenti: "Bu, zamun alnanlaryň ählisiniň ýakyn wagtda boşadyljakdygyny we Ysraýylyň güýçli, dowamly we ebedi parahatçylyga tarap ilkinji ädim hökmünde ylalaşylan liniýa yza çekiljekdigini aňladýar” diýdi.

Tramp ähli taraplara “adalatly ýagdaýda” çemeleşiljekdigini belläp, bu pursaty arap we musulman dünýäsi, Ysraýyl, golaýdaky ýurtlar we ABŞ üçin “uly bir gün” hökmünde häsýetlendirdi.

Hamas tassyklady

Bu beýannamadan soň Hamas ylalaşygy kabul edendigini mälim etdi we Katara, Müsüre we Türkiyä eden tagallalary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Hamas Telegramdan beren beýanatynda: "Hamas Gazadaky söweşiň bes edilmegini, basybalyjylary yza çekilmegini, ynsanperwer kömegini we tussaglaryň alyş-çalşygyny göz öňünde tutýan ylalaşygyň gazanylandygyny habar berýär" diýdi.

Beýanatda: "Katar, Müsür we Türkiyedäki araçy doganlarymyzyň eden tagallalary üçin minnetdarlyk bildirýäris. Şeýle hem ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň urşy dolulygyna bes etmek we basyp alyjy Ysraýylyň harby güýçleriniň Gaza zolagyndan doly çykarylmagy baradaky tagallalaryna ýokary baha berýäris" diýdi.

Netanýahu “ahlak taýdan ýeňiş” yglan etdi

Netanýahu, hökümetiň ylalaşygy tassyklamak we tussaglary yzyna gaýtarmak üçin ertir ýygnanyşjakdygyny aýtdy.

Netanýahu Trampyň ylalaşygy yglan etmeginden soň: "Bu Ysraýyl üçin ajaýyp gün. Bu ylalaşyk diplomatik üstünlik we Ysraýyl üçin ahlak taýdan ýeňiş" diýdi.

Gazadaky harby operasiýalaryň bu "öwrülşik nokada" ýetmek üçin möhümdigini aýtdy.

Iki ýyl dowam eden genosidden soň şertnama

Tramp beýanatyny Ysraýylyň Gaza garşy başladan genosidiniň ikinji ýylyndan bir gün soň berdi.

Soňky iki ýylda Ysraýyl aglabasy çagalardan we zenanlardan ybarat bolan 67100-den gowrak palestinalyny öldürdi. Hünärmenler bu görkezijiniň has köpdügini aýdýarlar.

Ysraýyl gabaw astyndaky ýerleriň köp bölegini weýran etdi we tutuş ilaty diýen ýaly göçürdi.

Öwren
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň geçirilmeýändigini we ýakyn wagtda "bir zatlaryň boljakdygyny" aýtdy
Saud Arabystanyndaky "Şa Fahd" adyndakyt halkara howa menziline guralan hüjümde 2 adam ýogaldy
Eýranyň Ynkylap goragçylary: “Pars aýlagynda nebit daşaýan dört gämi nyşana alyndy” diýdi
Kreml: "Biz noýabr aýynda Russiýa-Ukraina-ABŞ üçtaraplaýyn gepleşiklerini täzeden başlatmaga taýýar"
Sudan bilen Günorta Sudanyň arasyndaky jedelleşikli zolaga guralan hüjümde 153 adam ýogaldy
Gresiýada talyplar kireýleriň ýokarlamagyna we durmuş şertleriniň agyrlaşmagyna garşylyk görkezdi
Fransiýada geçirlen protest ýörişlerinde 2 adam ýogaldy
Ysraýylyň Goranmak ministri: “Liwanyň günortasyndan 200 müň adamy sürgün etdik”
Amerikaly senator Sanders Ysraýyla berilýän harby kömegiň bes edilmegi üçin çagyryş etdi
“Ormuz bogazynda ABŞ-na degişli MQ-9 kysymly drony urup düşürdik”
Ukraina: "Russiýanyň gije guran hüjümlerinde 3 adam ýogaldy we 11 adam ýaralandy"
Ysraýyl basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada palestinalylaryň takmynan 183 gektar ýerini aldy
Ýemeniň goşuny: "1164 operasiýada 558 Husi söweşijisi täsirsiz ýagdaýa getirildi"
Milandan Jidda şäherine uçýan uçar bomba howpy sebäpli Rime gyssagly gondy
Kolumbiýada bikanun altyn käniniň çökmegi netijesinde on dört adam ýogaldy
Sudanda dron bilen awtobus duralgasyna guralan howa hüjüminde 80 adam ýogaldy
Tel-Awiw-Wena saparyny amala aşyrýan uçar bomba habary sebäpli Bolgariýa gondy
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Rubio Samarkantda özbek kärdeşi Saidow bilen duşuşdy
Kreml Ýewropadaky bidüzgünçiliklere Russiýanyň gatnaşygy baradaky aýyplamalary ret edýär
Russiýa Ukrainada metro bekedini nyşana aldy