ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, respublikaçylara noýabr aýynda geçiriljek araky saýlawlarda ses bermekleri üçin çagyryş etdi.
Respublikaçylara saýlawda ses berjekdikleri barada kasam etdiren Tramp, demokratlaryň üstünlik gazanmagynyň hökümetleri taýdan howply bolup biljekdigini duýdurdy.
Penşenbe güni Tehasyň Dallas şäherinde geçirlen Respublikaçylaryň gurultaýynyň ýapylyş dabarasyna gatnaşan Tramp, gurultaýa gatnaşyjylaryň 3-nji noýabrda geçiriljek araky saýlawlarda ses bermeklerini isledi.
Demokratlary saýlawda galplyk etmekde günäkärlän Tramp, respublikaçylara 3-nji noýabrda maşgala agzalary bilen birlikde saýlawda ses berjekdikleri barada kasam etdirdi.
Prezident Donald Tramp respublikaçylara kasam etdirenden soň “Eger ses bermeseňiz dowzaha gidersiňiz” diýip belledi.



















