SYÝASAT
2 minut okamak
Erdogan Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etabyndaky strategik ähmiýetine ünsi çekdi
Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etabyndaky strategik ähmiýetine ünsi çeken Prezident Erdogan “Türkiýäniň agzalygy bileleşigiň güýjüne güýç goşar” diýdi.
Erdogan Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etabyndaky strategik ähmiýetine ünsi çekdi
Erdogan Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etabyndaky strategik ähmiýetine ünsi çekdi / Reuters

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan 9-njy maý Ýewropa güni mynasibetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi.

Prezident Erdogan ýüzlenmesinde Ýewropanyň bitewiligine tarap ilkinji ädimiň ädilen güni bolan Şuman jarnamasynyň yglan edilen güni 9-njy maýyň ýagny Ýewropa gününiň, parahatçylyga, hyzmatdaşlyga we özara sylag-hormada laýyklykda umumy geljegi gurmak maksadynyň anyk görkezijisi bolandygyny aýtdy.

Ýewropa Bileleşiginiň esaslanýan düzgünleriniň şu günki günde köp taraply krizisi başdan geçirýändigini we uly synagdan geçýändigini nygtan Erdogan:“Şuman jarnamasynyň yglan edilen güni 9- njy maýyň Ýewropa gününiň, Ýewropa Bileleşiginiň esasy simwollaryndan biri bolman eýsem yklymymyzda parahatçylyk, hyzmatdaşlyk we birek-birege sarpa goýmak esasynda umumy geljegi gurmak maksadynyň hem anyk görkezijisidir.

Mundan 76 ýyl ozal döredilen ÝB-niň esaslanýan düzgünleri şu günki günde köp taraply krizisi başdan geçirýär we uly synagdan geçýär. Dünýä ýurtlaryna ýaramaz täsirini ýetirýän söweşler, syýasy krizisler we ykdysady kynçylyklar ÝB-niň has giň gerimli we birleşdiriji syýasat alyp barmagyny talap edýär”diýdi.

Prezident Erdogan, “ÝB-ne dalaşgär ýurt bolan Türkiýe bu etapda esasy orun eýelemäge dowam edýär. Ýetilen sepgitde Türkiýäni öz içine almadyk Ýewropanyň krizisleriň hötdesinden gelmekde kynçylyk çekjekdigini görmek bolýar. Türkiýäniň gurama agzalygy ÝB-niň güýjüne güýç goşar” diýip belledi.

 9-njy maý Ýewropa gününiň ýerleşýän geografiýamyzda parahatçylyga, durnuklylyga we arkalaşyga sebäp bolmagyny umyd edýändigini nygtan Prezident Erdogan, “raýatlarymyzyň başda durmagynda Ýewropa ýurtlarynyň halklarynyň Ýewropa gününi gutlaýaryn” diýdi.