Wýetnam bilen Ispaniýanyň ýolbaşçylary ykdysady gatnaşyklary we goranmak ulgamyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi wada berdiler hem-de erkin söwdanyň goldanylmalydygyny nygtadylar — bu waka Trampyň adminstrasiýasynyň özara salgyt syýasatyndan zyýan çekýän döwrüne gabat geldi.
Wýetnamyň Premýer-ministri Pham Minh Çinh, Ispaniýanyň premýer-ministri Pedro Sançesiň sapary wagtynda, Wýetnamyň Ispaniýa bilen gatnaşyklaryny iň gysga wagtda "doly strategiki hyzmatdaşlyk" derejesine götermek isleýändigini aýtdy.
"Häzirki global şertlerigöz öňünde tutup, kynçylyklar näçe köp bolsa, şonça hyzmatdaşlyga we köptaraplylygy öňe sürmäge zerurlyk bar," diýip, Çinh Hanoýda Sançes bilen bilelikdäki metbugat ýygnagynda aýtdy.
Sançes Ispaniýanyň ykdysady açyklyga ynanýandygyny we söwda düşnüşmezliklerine garşy durýandygyny belledi.
"Ispaniýa kanunlara esaslanýan halkara ýörelgesini, erkin söwdany we ykdysady aç-açanlygy goldaýar hem-de söwda uruşlarynyň hiç kime bähbit getirmeýändigini, tersine hemmä zyýan ýetirýändigini pikir edýär," diýip, ol aýtdy.
Sançes Ispaniýanyň Wýetnamdaky gatnaşygyny giňeltmek isleýändigini, esasan-da ýurduň ýokary tizlikli demirýol ulgamynyň gurluşygynda tejribe alyşmaga taýýardygyny aýtdy. “Ispaniýa özüniň ýokary tizlikli demirýol infrastrukturasyny gurmakda toplanylan tejribesini paýlaşyp biler” diýip, Sançes sözüniň üstüni ýetirdi.
Wýetnam bolsa häzirki wagtda ýaramaz ýagdaýdaky demirýol ulgamyna maýa goýumlaryny artdyrmagy meýilleşdirýär. Şeýle-de, Hanony söwda merkezine öwrülen Ho Şi Min şäheri bilen birleşdirjek 1,541 kilometrlik ýokary tizlikli demirýol liniýasynyň gurluşygy, şeýle-de Hytaý bilen demirýol arabaglanşygyny döretmek boýunça meýilnamalary bar.





















