Ýemendäki separatist STC, Saud Arabystanynyň wekiliýetiniň Adene gonmagyny gadagan etdi
Howa gatnawynyň ýapylmagy, Saud Arabystany bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky krizisiň çuňlaşýandygyny görkezýär.
Saud Arabystanynyň Ýemendäki ilçisi, Birleşen Arap Emirlikleri tarapyndan goldanýan Günorta Geçiş Geňeşiniň STC-niň lideri Aidarus Al-Zubaidiniň Saudy wekiliýetiň uçarynyň penşenbe güni Adende halkara gowa menziline gonmagyny kabul etmändigini mälim etdi.
Halkara Aden howa menzilinde uçar saparlarynyň durmagy, söweş sebäpli harabalyga öwrülen Ýemeni gaýtadan dikeldýän Aýlag ýurtlary Saud Arabystany bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda krizisiň çuňlaşýandygyny görkezdi.
Saud Arabystanynyň ilçisi Mohammed Al-Žaber anna güni X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda “Saud Arabystany birnäçe hepdeden bäri Günorta geçiş geňeşi bilen dartgynlygyň bes edilmegi üçin uly tagalla etdi, emma Aidarus Al-Zubaid igarşy durdy we tutanýerli tutumyndan ýüz öwürmedi” diýdi.
Ilçi, Zubaidiniň penşenbe güni Aden howa menziliniň howa gatnawyna ýapylmagy üçin görkezme berendigini we krizisi çözmek maksady bilen Adene giden Saud Arabystanly wekiliýetiň uçarynyň howa menziline gonmagy üçin berlen rugsady ýatyrandygyny aýtdy.
Birleşen Arap Emirlikleri geçen aý halkara derejesinde ykrar edilen we Saud Arabystany tarapyndan goldanýan hökümetden Ýemeniň günortasyndaky giň sebiti ele geçiren STC-ä goldaw berýär.
Saud Arabystany bolsa bu hereketi uly howp hökmünde görýär.
Aden howa menzili Husileriň gözegçiligi daşyndaky sebitler üçin ýurduň esasy gapydyr.