DÜNÝÄ
2 minut okamak
ABŞ Hormuz bogazyny açmak üçin ýaranlaryny täze bileleşik döretmäge çagyrýar
“The Wall Street Journal” gazetiniň habar bermegine görä resmi Waşington Tähran bilen dowam edýän düşnüşmezlikler we gämi gatnawlarynda durgunlyk sebäpli ýaranlaryna “Deňiz azatlygy arkalaşygyny” döretmegi teklip edýär.
ABŞ Hormuz bogazyny açmak üçin ýaranlaryny täze bileleşik döretmäge çagyrýar
Gämiler we gaýyklar Hormuz bogazynda, Musandam, Oman, 29 aprel 2026. / Reuters

Çarşenbe çap edilen habarda beýan edilmegine görä Tramp administrasiýasy ABŞ-Eýran çykgynsyzlygynyň dowam etmegi sebäpli strategik suw ýolunda togtadylan gämi gatnawyny gaýtadan başlatmak üçin halkara ýaranlyk döretmäge synanşýar.

“The Wall Street Journal” gazeti Döwlet departamentiniň ABŞ-nyň ilçihanalaryna iberilen hatyna salgylanyp, Waşingtonyň öz diplomatlaryndan daşary ýurt hökümetlerine “Deňiz azatlygy arkalaşygy” atly täze bileleşige goşulmak üçin basyş etmegini isleýändigini, onuň bogazy täzeden açmak üçin maglumat alyş-çalşygyny, diplomatik tagallalary we sanksiýalaryň ýerine ýetirilişini utgaşdyrýandygyny habar berdi.

Hat alyşykda şeýle diýilýär: “Siziň gatnaşmagyňyz gämi gatnawynyň azatlygyny dikeltmek we global ykdysadyýeti goramak üçin umumy mümkinçiliklerimizi güýçlendirer”.

Hasabatda beýan edilmegine görä, ýokary derejeli hökümet resmisi teklibi prezidentiň ygtyýaryndaky birnäçe diplomatik we syýasy gurallaryň biri hökmünde häsyetlendirdi.

Bu başlangyç prezident Donald Tramp bogazy "DOLY AÇYK WE SÖWDA ÜÇIN TAÝÝAR" diýip yglan etmeginden birnäçe hepde soň edildi, emma gämi gatnawy umuman togtamaga dowam etdi.

Eýran, suw ýoluny Tährandan birugsat ulanýan tankerleri minalamaga we hüjüm etmäge synanşýan bolsa, ABŞ Eýranyň portlaryna barýan we gelýän ähli gämilere çäklendirmesini dowam etdirýär.

Bogazyň geljegi togtadylan parahatçylyk gepleşikleri sebäpli çykgynsyzlyga sezewar boldy; Tramp duşenbe güni kömekçilerine Eýran ýadro maksatnamasyndan el çekäge razy bolýança gabawyň möhletiniň uzaldylmagy üçin görkezme berdi.