Palestinanyň resmi habarlar agentligi WAFA-nyň habaryna görä, Ysraýylyň harby uçarlary Gaza şäheriniň ez-Zeýtun etrabyndaky bir öýi bombalady.
Habarda hüjümde asuda ilatdan kabir adamlaryň ýaralanandygy aýdylýar.
Habarda şeýle hem Ysraýylyň harby uçarlarynyň Gaza sektorynyň dürli ýerlerini birnäçe hüjüm bilen nyşana alandygy, Gaza şäherindäki we demirgazygyndaky al-Faluka sebitindäki öýleriň hem harby uçarlar tarapyndan bombalanandygy aýdylýar.
Harby uçarlaryň mundan başgada Gaza zolagynyň merkezindäki al-Bureýj bosgun düşelgesinde bir öýi bombalandygy nygtaldy we Ysraýylyň Gaza şäherindäki birnäçe söwda desgalaryny howa hüjümleri bilen nyşana alandygy bellenildi.
Ysraýylyň goşuny 2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda güýje giren ot açmagy bes etmeklik baradaky ylalaşyga garamazdan, 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri 73 müňden gowrak palestinalynyň ölümine sebäp bolan Gaza zolagyndaky hüjümlerini dowam etdirýär.




















