Türkiyäniň Daşary işler ministrligi Awstraliýanyň Sidneý şäherinde Hanuka baýramy mynasybetli geçirilýän çärede amala aşyrylan terrorçylykly hüjümi berk ýazgarýandygyny habar berdi.
Daşary işler ministrligi ýekşenbe güni çap edilen ýazmaça beýanatda hüjümde ýogalanlaryň maşgala agzalaryna we Awstraliýanyň halkyna gynanç bildirdi we ýaralananlaryň tiz wagtda sagalmaklary dileg edildi.
Beýanatda: "Türkiye terrorçylygyň ähli görnüşlerine we ýüze çykmalaryna garşy prinsipial pozisiýasyny gaýtalap geçýär" diýilýär we Ankaranyň terrorçylyga garşy göreşde halkara hyzmatdaşlygyna ygrarlydygy nygtalýar.
Ministrlik Türkiyäniň Awstraliýa bilen raýdaşlygyny nygtady we “global howpa” garşy göreşmekde hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny gaýtalady.
Ýekşenbe güni Sidneýiň meşhur Bondi plýažynda bolan köpçülikleýin hüjümde azyndan 16 adam ýogaldy we köp sanda adam ýaralandy; bu soňky ýyllarda ýurtda bolan iň köp sanly köpçülikleýin ahüjümleriň biri hökmünde hasaba alyndy.














