SYÝASAT
1 minut okamak
Britaniýanyň Premýer-ministri: “Gazada başdan geçirilýän wakalara dymmak bilen syn edip bilmeris”
Britaniýanyň Premýer-ministri Endi Bernem, Britaniýanyň Gazadaky wakalara garşylyk görkezmekde gijä galandygyny aýtdy
Britaniýanyň Premýer-ministri: “Gazada başdan geçirilýän wakalara dymmak bilen syn edip bilmeris”
Britaniýanyň Premýer-ministri: “Gazada başdan geçirilýän wakalara dymmak bilen syn edip bilmeris”

Britaniýanyň Premýer-ministri Bernem X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda dünýäniň has howply ýagdaýa gelendigini aýtdy.

Britaniýanyň Ýakyn Gündogarda iki döwletli çözgüde goldaw berýändigini ýatladan Premýer-ministr Bernem “Emma iş ýüzüne geçirilmän halatynda bu sözleriň hiç hili manysy ýok. Birnäçe wagtdan bäri herekete geçmekde ikirjiňlenýärdik we Ysraýyla garşy tutum alyp barmakda günäkärlenmekden gorkýardyk” diýdi.

Britaniýanyň Ysraýyl tarapyndan basylyp alynan Palestinde öndürlen önümleriň satyn alynmagynyň gadagan edilmegi meselesini seljerýändigini aýdan Bernem, “Bu başlangyçlar Ysraýylyň hökümetiniň alyp barýan kabul edilmesiz syýasatlaryny nyşana alýar. Ysraýylyň halkyny nyşana almaýar” diýdi.

Gazada bigünä palestinlileriň öldürilýändigini ýatladan Bernem, ynsanperwer krizise garamazdan diýseň çäkli mukdardaky kömegiň sebite girendigini ýatlatdy.

Gazada müňlerçe adamyň öldürlendigini, millionlarça adamyň öýlerinden jyda düşendigini nygtan Bernem “Britaniýanyň halky bu wakalara çuňňur gynanç bildirýär. Men hem uly gynanç bildirýärin. Premýer-ministr hökmünde işe girilmezden öň Britaniýanyň bu meselä ýeterlik garşylyk görkezmeýändigini aýdypdym. Hökümetiň bu mesele baradaky tutumyny üýtgederin. Bu wagşyçylygyň dowam edýän günlerinde sebitiň durnuklylygy we parahatçylygy üçin iki döwleti çözgüt üçin indi garaşyp bilmerin” diýdi.

Britaniýa, Fransiýa, Ispaniýa we Kanada bilen birlikde 12 ýurt düýn beren bilelikdäki beýannamalary bilen Ysraýyl tarapyndan basylyp alynan Palestinde öndürlen önümleriň satyn alynmagyny gadagan etjekdiklerini mälim edipdi.