DÜNÝÄ
2 minut okamak
Müsür Rafah gümrük geçelgesi açylan halatynda Gazadan ýaralananlary kabul etmäge taýar
Demirgazyk Sina welaýatynyň häkimi ýaralananlaryň kabul edilmegi we ynsanperwer kömeginiň halka paýlanmagy üçin degişli çäreleriň görülýändigini mälim etdi.
Müsür Rafah gümrük geçelgesi açylan halatynda Gazadan ýaralananlary kabul etmäge taýar
Müsür Rafah gümrük geçelgesi açylan halatynda Gazadan ýaralananlary kabul etmäge taýar / Reuters

Müsür Rafah gümrük geçelgesi açylan halatynda Gazadan ýaralananlary kabul etmäge we sebite ynsanperwer kömegini ýetirmäge taýardygyny mälim etdi.

Demirgazyk Sina welaýatynyň häkimi Khaled Mužawir çarşenbe güni Müsüriň teleýaýlymyna beren beýannamasynda, Rafah gümrük geçelgesiniň Müsür tarapyndan degişli taýarlyklaryň görülýändigini aýtdy.

Degişli taýarlyklaryň görülýändigini aýdan Mužawir, Kairdäki krizis merkezi bilen döwlet eýeçiligindäki edaradyr-kärhanalaryň utgaşykly ýagdaýda işleşýändigini, sebite ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi we Gazadan ýaralanananlaryň kabul edilmegi üçin taýardyklaryny belledi.

Ysraýylyň KAN teleýaýlymyna görä, Rafah gümrük geçelgesiniň iki taraply ýagdaýda 1-nji fewralda açylmagyna garaşylýar.

Ylalaşygyň birinji tapgyrynyň şertleriniň ýerine ýetirilmegi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 2025-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Müsür bilen geçirlen gepleşikleriň çäginde beren beýannamasynda, Ysraýyl bilen Hamasyň Gaza üçin ylalaşyk meýilnamasynyň birinji tapgyryny tassyklandygyny mälim edipdi.

Ysraýylyň hökümeti tarapyndan tassyklanan ylalaşyk bir gün soň güýje girdi.

Gazadaky soňky ysraýylly ýesir Ran Gwiliň jesediniň 26-njy ýanwarda Ysraýyla yzyna berilmegi bilen Gazadaky Palestinli toparlar ylalaşygyň birinji tapgyrynyň şertlerini umuman alnanda ýerine ýetirdi.

Ylalaşyga garamazdan Ysraýylyň harby goşuny dürli bahanalar bilen Gazadaky palestinlilere garşy guraýan hüjümlerini dowam etdirýär.

Beýleki tarapdan ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Ýakyn Gündogar boýunça ýörite wekili Stiw Witkoff, 14-nji ýanwarda 20 maddalyk Gaza meýilnamasynyň ikinji tapgyrynyň başlandygyny mälim etdi.

Ylalaşygyň birinji tapgyryna laýyklykda Ysraýylyň 2024-nji ýylyň maý aýyndan bäri ýapyk bolan Müsür-Gaza serhedindäki Rafah gümrük geçelgesini açmagyna we ynsanperwer kömeginiň Gaza ýetirilmegine rugsat bermegine garaşylýar.

 

 

Öwren
Nigeriýanyň Plato welaýatynda bolan ýaragly hüjümde dokuz adam ýogaldy
Halapdaky harby desgada bolan partlamalarda dört adam ýaralandy
Tramp: “Men tutuş Eýrany partladyp bilerin” diýdi
Eýranyň Ynkylap goragçylary: "MQ-1 kysymly UHU Ormuz bogazynda täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýdi
Ukrainanyň UHU-lar bilen guran hüjümlerinde Moskwadaky nebiti gaýtadan işleýän zawoda zeper ýetdi
ABŞ, Ýakyn Gündogar üçin howpsuzlyk duýduryşyny çap etdi
ABŞ Ukraina 2,68 milliard dollarlyk harby enjam satar
Kongoda ebola sebäpli ýogalanlaryň sany 3 müň 577 adama ýetdi
Russiýa Britaniýanyň geňeşçi ilçisini  Daşary işler ministrligine çagyrdy
Pakistanda polis merkezine guralan hüjümde 8 adam ýogaldy
Demirgazyk Koreýanyň Russiýa müňlerçe işçi ugradandygy öňe sürüldi
Pakistan Saud Arabystanynyň howpsuzlygyna şertsiz goldaw berýär
Tramp Polşada ABŞ bazasyny döretmek meselesinde uly öňegidişlikleriň gazanylandygyny aýan etdi
Ýemeniň goşuny: "Taiziň günbataryndaky çaknyşyklarda 30 Husi söweşijisi öldürildi" diýdi
Eýran Ormuz bogazyndan geçmäge çalşan Togonyň baýdagyny göterýän nebit tankerini nyşana aldy
Amerikaly diplomatlar Husiler bilen Gyzyldeňizdäki dartgynlyk meselesini ara alyp maslahatlaşdy
Ermenistanyň Premýer-ministri Paşinýan: “Biziň rus harby bazasyna mätäçligimiz ýok”
Zelenskiý Russiýany soňky hepdelerde iki gezek onuň uçaryny nyşana almaga synanyşmakda aýyplady
Singapurda "doomscrolling"-iň öňüni almak maksady bilen adamlara kitap okamak üçin pul tölenýär
Eýran Keşm adasynda ABŞ-na degişli drony urup düşürendigini habar berdi