SYÝASAT
1 minut okamak
Eýran Ormuz bogazynda ABŞ-na degişli MQ-9 kysymly drony urup düşürendigini habar berdi
Eýranyň Prezidenti Mesud Pezeşkiýan bolsa ýurdunyň söweş islemeýändigini emma hüjümlere degişli gaýtawuly görkezjekdiklerini aýtdy.
Eýran Ormuz bogazynda ABŞ-na degişli MQ-9 kysymly drony urup düşürendigini habar berdi
Eýran Ormuz bogazynda ABŞ-na degişli MQ-9 kysymly drony urup düşürendigini habar berdi

Eýran Ormuz bogazynda ABŞ-na degişli MQ-9 kysymly drony urup düşürendigini habar berdi.

Ynkylap goragçylary goşuny tarapyndan berlen ýazmaça beýannamada ABŞ-na degişli uzak aralykly MQ-9 kysymly dronyň Ormuz bogazynda howa goranyş ulgamlarynyň raketalary bilen urlup düşürlendigi nygtaldy.

ABŞ düýn gije Ormuz bogazynyň golaýyndaky Lark adasyna iki hüjüm gurapdy.

Ynkylap goragçylary goşuny hem hüjüme ABŞ-nyň Iordaniýadaky harby bazasyna hüjüm guramak bilen gaýtawul görkezendigini mälim edipdi.

Eýranyň goşunyndan berlen ýazmaça beýannmada hüjümleriň ABŞ-nyň Lark adasynda guran hüjüminde ýogalan asuda ilatyň we esgerleriň aryny almak üçin guralandygy nygtalypdy.

Eýranyň Prezidenti Mesud Pezeşkiýan bolsa ýurdunyň söweş islemeýändigini emma hüjümlere degişli gaýtawuly görkezjekdiklerini aýtdy.

Eýranyň IRNA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Prezident Pezeşkiýan Gyrgyzstanda geçirljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasynyň liderler sammitine gatnaşmak üçin Bişkege gitmezinden öň paýtagt Tähranda metbugata beýannama berdi.

ABŞ-nyň Lark adasyna guran hüjümleri we Eýranyň görkezen garşylygy barada durup geçen Pezeşkiýan “Biz söweş islemeýäris, emma hüjümlere degişli gaýtawuly görkezeris” diýdi.