Siriýadaky tire-taýpalar Ýefradyň gündogaryndaky nebit-gaz känlerini terrorçylardan yzyna aldy

Amerikan güýçleriniň çekilmeginden soň uly tire-taýpalaryň söweşijileri Al Ömer nebit känini we Koniko gaz känini terrorçylardan yzyna aldy.

By
Siriýadaky tire-taýpalar Ýefradyň gündogaryndaky nebit-gaz känlerini terrorçylardan yzyna aldy / AP

Anadoly habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Siriýanyň Ýefrat derýasynyň gündogarynda ýerleşýän Deýrizor welaýatyndaky tire-taýpalara degişli güýçler, uly nebit-gaz känlerini terror guramasy ÝPG-den yzyna aldy.

Anadoly habarlar gullugynyň Deýrizordaky habarçysynyň ýekşenbe güni beren habaryna görä, derýanyň günbataryndan gelen goşmaça güýçleriň goldaw bermegi netijesinde uly tire-taýpalar Al Ömer nebit känini we Koniko gaz känini terrorçylardan yzyna aldy.

Ady agzalýan sebitde iş alyp baran Amerikan güýçleriniň yza çekilmeginden soň sebitde dartgynlyk emele gelipdi.

Uly tire-taýpalar Ýefradyň gündogarynda terror guramasyna garşy egilşiksiz göreşini dowam etdirýär.

Şehel, Al-Hawaij, Ziban, Taýýane, Abu Hamam ýaly birnäçe etrapça terrorçylardan yzyna alyndy.