Anadoly habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Siriýanyň Ýefrat derýasynyň gündogarynda ýerleşýän Deýrizor welaýatyndaky tire-taýpalara degişli güýçler, uly nebit-gaz känlerini terror guramasy ÝPG-den yzyna aldy.
Anadoly habarlar gullugynyň Deýrizordaky habarçysynyň ýekşenbe güni beren habaryna görä, derýanyň günbataryndan gelen goşmaça güýçleriň goldaw bermegi netijesinde uly tire-taýpalar Al Ömer nebit känini we Koniko gaz känini terrorçylardan yzyna aldy.
Ady agzalýan sebitde iş alyp baran Amerikan güýçleriniň yza çekilmeginden soň sebitde dartgynlyk emele gelipdi.
Uly tire-taýpalar Ýefradyň gündogarynda terror guramasyna garşy egilşiksiz göreşini dowam etdirýär.
Şehel, Al-Hawaij, Ziban, Taýýane, Abu Hamam ýaly birnäçe etrapça terrorçylardan yzyna alyndy.















