ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio bilen Siriýanyň Daşary işler ministri Asad Hasan Şeýbani bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Rubio bilen Şeýbani telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen birlikde sebitara howpsuzlyk meselesi hakynda pikir alyşdy.
ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Tommy Pigotta görä, Rubio Siriýadaky azlyk toparlaryň utgaşyklygynyň dowam etdirilmeginiň möhümdigini nygtady.
Rubio mundan başgada Siriýanyň Halkara Atom energiýasy gullugy bilen edýän hyzmatdaşlygy barada öwgüli sözler aýtdy.
Siriýanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, telefon söhbetdeşliginde iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi meselesi hem gün tertibine getirildi.
Beýannamada, Şeýbaniniň sanksiýalary bes edendigi sebäpli Siriýanyň adyndan ABŞ-na minnetdarlyk bildirendigi bellenildi.
Beýannamada “Rubio bilen Şeýbani sebitde başdan geçirilýän soňky wakalar bilen birlikde Siriýanyň hem syýasy hem-de ykdysady taýdan sebitde durnuklulygyň ýola goýulmagynda oýnaýan roly meselesi hakynda pikir alyşdy” diýildi.



















