Italiýada Sumud flodyna guralan hüjüme garşy ýöriş geçirilýär
Italiýada müňlerçe adam Rim we Milan şäherleriniň başda durmagynda ýurduň çar tarapynda Gaza ynsanperwer kömegini alyp giden meýletinlere goldaw bermek üçin ýöriş geçirýär
Italiýanyň çar tarapynda müňlerçe adam Gaza ynsanperwer kömegini alyp giden floda goldaw bermek üçin köçä çykdy.
Howpsuzlyk güýçleri paýtagt Rimde 10 müň adamyň Kolezýumdan şäher merkezine çenli ýörändigini we Premýer-ministr Meloniniň Ysraýyla berýän goldawyna garşy ýöriş geçirendigini mälim etdi.
Protest ýörişleri paýtagt Rim bilen birlikde Milan, Torino, Floransa we Bologna şäherlerinde hem geçirildi.
Protest ýörişine gatnaşan Rimiň şäher Mejlisiniň agzasy Lorenzo Giardinetti “Ynsanperwer kömek flody bu meselä ýene-de bir gezek ünsi çekdi we belkide iki ýyldan bäri dowam eden söweşden we gyrgynçylyklardan soň süýjä uka giden wyždanlary oýandyrdy” diýdi.
Giardinetti “Biz hem edil meýletinler ýaly bu gün ýöriş geçirýäris, ertir bolsa iş taşlaýyş yglan edýäris” diýdi.
Milan şäherinde hem 5 müň adam bir ýere jemlenşip esasy ýollary gatnawa ýapdy.
Protest ýörişinde “Gonosid maşyny indi durmaly” diýlen şygarlar göterildi.
Käbir şäherlerde protestçylaryň demir ýollaryny ýapmagy sebäpli otly saparlary bes edildi.
Iş taşlaýyş we tussag edilmeler
Italiýanyň kärdeşler arkalaşyklary USB öňbaşçylygynda anna güni iş taşlaýyşyň yglan edilmegi üçin çagyryş etdi.
Kärdeşler arkalaşyklary “Ysraýyl halkara hukugyny basgylaýar. Ysraýyla garşy durmagyň wagty geldi” diýdi.
Premýer-ministr Meloni penşenbe güni ir ertir beren beýannamasynda Ysraýylyň ynsanperwer kömek flodynda ýer alýan 40 italian raýatyny saklandygyny mälim etdi.
Meloni žurnalistlere beren beýannamasynda “Elbetde saklanan raýatlarymyzyň gysga wagtyna yzyna dolanmagy üçin elimizden geleni ederis” diýdi.
Daşary işler ministri Antonio Tažani, parlamentde beren beýannamasynda flodyň agzalarynyň öňümizdäki hepdäniň başynda Tel-Awiwdäki Ben Gurion howa menziline getiriljekdigini we Ýewropa ýurtlaryna uçjakdyklaryny aýtdy.