DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ukraina dron hüjümlerinde Moskwany nyşana aldy
Moskwanyň şäher häkimi Ukrainanyň dron hüjümlerine garşy degişli çäreleriň görlendigini aýtdy.
Ukraina dron hüjümlerinde Moskwany nyşana aldy
Ukraina dron hüjümlerinde Moskwany nyşana aldy / Reuters

Moskwanyň şäher häkimi Sergeý Sobýanin, Ukraina tarapyndan guralan dron hüjümleriniň esasy böleginiň yzyna serpikdirlendigini emma käbir dronlaryň nebiti gaýtadan işleýän desgany nyşana alandygyny aýtdy.

Ukraina soňky aýlarda Russiýa garşy guraýan hüjümlerini artdyrdy.

Ukraina 5 ýyla golaý wagt bäri dowam edýän hüjümlerde Russiýanyň ýangyç girdejisini azaltmagy maksat edinýär we şol maksada laýyklykda yzygiderli ýagdaýda nebiti gaýtadan işleýän desgalary we eksport merkezlerini nyşana alýar.

Moskwanyň şäher häkimi Sobýanin Telegramdan beren habarnamasynda “Howa goranyş ulgamlary hüjümleriň esasy bölegini yzyna serpikdirmäge dowam edýär. Emma birnäçe dron MNPZ-ni nyşana aldy” diýdi.

MNPZ paýtagt Moskwada ýerleşýän nebiti gaýtadan işläp çykarýan esasy desgalardan biri.

Sobýanin ýerli wagt bilen sagat 07.00-dan, halkara wagt boýunça 04.-00-dan öň rus howa goranyş ulgamlarynyň 43 drony urup düşürendigini aýtdy.