DÜNÝÄ
2 minut okamak
Indoneziýada ýer süýşmesinde ölenleriň sany 64 adama ýetdi
Güýçli ýagyş onlarça öýüň gömülmegine, 64 adamyň ölmegine sebäp bolan ýer süýşmesi halas ediş işlerini bökdeýär.
Indoneziýada ýer süýşmesinde ölenleriň sany 64 adama ýetdi
  Güýçli ýagyş onlarça öýüň gömülmegine, 64 adamyň ölmegine sebäp bolan ýer süýşmesi halas ediş işlerini bökdeýär. / Reuters
1 Fewral 2026

Güýçli ýagyş onlarça öýüň gömülmegine, 64 adamyň ölmegine sebäp bolan ýer süýşmesi halas ediş işlerini bökdeýär.oneziýada ýer süýşmesinde ölenleriň sany 64 adama ýetdi

Geçen hepde Indoneziýada bolan ýer süýşmesinde ölenleriň sany 64 adama ýetdi. Günbatar Ýawada gözleg we halas ediş işleri sekiz günden bäri dowam edýär. 16 adam henize çenli tapylmady.

Şenbe güni ýene dört jeset tapyldy, bu bolsa tassyklanan adam pidalarynyň sanyny 64-e ýetirdi; Bandung gözleg we halas ediş gullugynyň ýolbaşçysy Ade Dian Permana takmynan 16 adamyň dereksiz ýitendigini aýtdy.

Ol gözleg işleriniň sekiz günden bäri dowam edýändigini we gözleg işlerine takmynan 3675 gollukçynyň gatnaşýändygyny sözlerinin üstüne goşdy.

Häzirki wagta çenli 49 jesedin şahsyyeti anyklandy we hossarlaryna gowşuryldy; 75 adam bolsa halas edildi.

 Öýler palçygyň we harabalyklaryň aşagynda galdy

Deňiz güýçleri sişenbe güni serhet gözegçiligi boýunça okuw-seminarynyň geçirilýän mahalynda ýigrimi üç esgeriň ölendigini habar berdi. Güýçli ýagan  ýagyş sebäpli 24-nji ýanwarda Bandung Baratdaky Pasir Langu obasynda bolan ýer süýşmesi bolupdy. Onlarça öýüň palçygyň we harabalyklaryň aşagynda galmagyna sebäp bolan ýer süýşmesi geçen ýylyň ahyrynda Sumatra adasynda siklon sebäpli gelen sil we ýer süýşmelerinden soň bolupdy; şol wakalar sebäpli 1200 adam ölüpdi we bir milliondan gowrak adam başga ýerlere göçürilipdi. “Basarnas” gözleg we halas ediş gullugy adatdan daşary ýagdaýlara jogap bermek möhletini ýedi gün, ýagny 6-njy fewrala çenli uzaltdy. Barylmagy kyn bolan ýerlerde gözleg we halas ediş işleri dowam edýär. Parlament topary çarşenbe güni halas ediş gullugynyň ýüzbe-ýüz bolýan betbagtçylyklarynyň sany baradaky aladalara garamazdan, “Basarnas” üçin maliye üpjünçiligini bes etdi.

Öwren
ABŞ-nyň gabawyna garamazdan deňiz gatnawy dowam edýär, 25 gämi Ormuz bogazyndan geçdi
Ysraýylyň Liwana guran soňky hüjüminde 17 adam ýogaldy
Yslamabad gepleşikleri: Eýran 5 ýyl möhlet bilen togtatmagy teklip edýär, ABŞ 20 ýyl talap edýär
Tramp Eýrana garşy täze harby hüjümleriň guralmagyny seljerýär
Arakçi: Eýran we ABŞ Yslamabad gepleşikleri çökmeden ozal ylalaşyga örän ýakyndylar
Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky Pasha baýramy mynasybetli ýaraşyk möhleti tamamlandy
Eýran: Gepleşikler ABŞ-nyň "akylsyz" talaplary sebäpli şowsuz boldy
ABŞ-nyň Eýran söweşinde birnäçe drony hatardan çykaryldy
Ysraýyl Gazada polis gözegçilik merkezine hüjüm gurady
Russiýa Ukraina bilen Pasha baýramy mynasibetli atyşygy bes etdi
Russiýa ukrainaly müň esgeriň jesedini yzyna berdi
Pakistan Ysraýylyň Liwana guran hüjümlerini ýazgardy
Liwanda Ysraýylyň guran hüjümlerinden soň 1 günlük milli ýas yglan edildi
Hizbullah Ysraýylyň demirgazygyna raketa hüjümini gurady
Ysraýylyň ABŞ-Eýran ylalaşygyndan soň Liwana guran hüjüminde azyndan 4 adam ýogaldy
Tramp Eýran bilen ýaraşykdan soň Ormuzyň howpsuzlygyny üpjün etmekde ABŞ-nyň roluna ünsleri çekdi
Fransiýa ABŞ-na Eýranyň infrastrukturasyna hüjümler boýunça duýduryş berdi
ABŞ we Ysraýyl Eýranyň iň uly nebit-himiýa toplumyna hüjüm guradylar
Ukrainanyň guran hüjümi sebäpli onlarça işçi ýeriň aşagynda galdy
Nigeriýanyň goşuny ybadathana hüjüminden soň zamun alnan onlarça adamy halas etdi