DÜNÝÄ
1 minut okamak
Yrakdan guralan hüjümde Gündogar-Günbatar turba geçirijisi nyşana alyndy
Saud Arabystany Yrakdan guralan dron hüjüminde Gündogar-Günbatar turba geçirijisiniň nyşana alynandygyny habar berdi.
Yrakdan guralan hüjümde Gündogar-Günbatar turba geçirijisi nyşana alyndy
Yrakdan guralan hüjümde Gündogar-Günbatar turba geçirijisi nyşana alyndy

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, Riýad-Medine sebitinde ýerleşýän turba geçirijisine guralan dron hüjüminde geçirijä zeper ýetirlendigi nygtaldy.

Saud Arabystanynyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada ýaralanmalara we geçirijä zeper ýetirilmegine sebäp bolan hüjümiň berk ýazgarylýandygy bellenildi.

Beýannamada, Yragyň Premýer-ministri Ali az-Zeýdiniň, ýurdundan Saud Arabystanyna we goňşy ýurtlara guralyp bilinjek hüjümleriň öňüniň alynmagy üçin hökümetine pursat berilmegini haýyş edendigi nygtaldy.

Beýannamada, Saud Arabystanynyň Yragyň hökümetiniň edýän tagallasyna goldaw bermegi saýlan alandygy ýatladyldy.

Beýannamada şeýle hem Saud Arabystanynyň özygtyýarlygyny, howpsuzlygyny, desgalaryny we raýatlaryny goramak üçin degişli çäreleri görmekde egilşik etmejekdigi bellenildi.

Saud Arabystanynyň Energetika ministrligi 10-njy sentýabrda Gündogar-Günbatar nebit turba geçirijisine dronlar bilen guralan hüjüm sebäpli geçirijiniň wagtlaýyn ýapylandygyny mälim edipdi.