Siriýanyň harby goşuny Halabyň gündogarynda Deýr Hafiri gözegçiligi astyna aldy

Siriýanyň harby goşuny Ýefrat derýasynyň günbataryndaky Meskene we Dibsi Afnan etrapçalaryna tarap barýandyklaryny habar berdi.

By
Siriýanyň harby goşuny Halabyň gündogarynda Deýr Hafiri gözegçiligi astyna aldy / AA

Siriýanyň harby goşuny şenbe güni terror guramasy ÝPG-nyň Ýefradyň gündogaryna çekilmeginden soň Halabyň gündogarynda Deýr Hafiri gözegçiligi astyna alandygyny mälim etdi.

Harby güýçler serkerdeligi Siriýanyň SANA habarlar gullugyna beren beýannamasynda “Halabyň gündogarynda Deýr Hafir şäheriniň doly gözegçilik astyna alynandygyny yglan edýäris” diýdi.

Beýannamada, Siriýanyň harby goşunynyň Ýefrat derýasynyň günbataryndaky Meskene we Dibsi Afnan etrapçalaryna tarap barýandygyna üns çekildi.

Siriýanyň harby goşuny şenbe güni ir ertir Deýr Hafirden başlap Ýefradyň günbataryndaky sebitlere girmäge başlandyklaryny habar berdi.

Terror guramasy ÝPG-nyň ýolbaşçysy Ferhat Abdi Şahin, guramanyň agzalarynyň ýerli wagt bilen 07.00-dan, halkara wagt boýunça 04.00-dan başlap Ýefrat derýasynyň gündogaryna çekilmäge başlandyklaryny mälim etdi.

Siriýanyň harby goşuny 13-nj ýanwarda Ýefradyň günbataryndaky Deýr Hafir we Meskene sebitlerini harby zolak hökmünde yglan edipdi we asuda ilat göçürlenden soň terror guramasyna garşy operasiýa başladypdy.

Siriýanyň harby goşuny duşenbe güni Ýefradyň günbataryndaky Deýr Hafir we Meskene sebitleriniň golaýynda ÝPG-ä agza terrorçylaryň ýeriniň anyklanylmagyndan soň Halabyň gündogaryna goşmaça güýç ornaşdyrdy.

2025-nji ýylyň mart aýynda ýurduň bitewiliginiň ýola goýulmagy maksady bilen SDG-nyň döwlet eýeçiligindäki edaradyr kärhanalara utgaşyklygy üçin ylalaşyk gazanylypdy.

Emma ÝGP-nyň şol ylalaşygyň şertlerini ýerine ýetirmändigi bellenildi.

Siriýanyň hökümeti 24 ýyl häkimiň başynda bolan Başar Asadyň 2024-nji ýylyň dekabr aýynda wezipesinden çetleşdirilmeginden soň ýurtda howpsuzlygyň ýola goýulmagy üçin uly tagalla edýär.