ABŞ-nyň iki baýry halk deputaty sişenbe güni Kongrese Siriýa goýulan Sezar sanksiýalarynyň bes edilmegi üçin çagyryş etdi.
Senatyň Halkara gatnaşyklar Komitetiniň ýokary derejeli Demokrat agzasy Senator Žanna Şahin bilen Respublikaçy Jo Wilson 2026-nji ýylyň Milli goranmak boýunça ygtyýarlandyryş kanunynyň Senatdaky sese goýulşygyndan ozal “Foreign Polisi” žurnalyna beýanat berdi.
Taslama Sezar Siriýanyň raýatlaryny goramak hakyndaky kanuna laýyklykda goýulan sanksiýalaryň bes edilmegi boýunça hökümleri öz içine alýar.
Beýanat; “Bu sanksiýalar indi gowulaşmaga çalyşýan Asadyň ozalky gurbanlaryndan ybarat bolan ýurdy jezalandyrýar. Ugrumyzy üýtgetmesek Siriýanyň çekýän kynçylyklary we halkyň agyr şertlerde gazanan üstünlikleri puja çykar” diýilýär.
Senatorlar gysga möhletli ýeňillikleriň gaýtadan dikeldiş üçin gerek bolan maýa goýumlaryny boşatmak üçin ýeterlik däldigini sözlerinin üstüne goşdular.
Senatorlar; “Ejizlediji sanksiýalaryň bes edilmegi siriýalylaryň himiki ýaraglary tapyp ýok etmegini, bikanun neşe söwdasynyň öňüni almak, DEAŞ-y ýok etmek we ähli siriýalylary deň derejede gorajak kanunlary çykarma ukybyny artdyryp, bildiren talaplarymyzy ýerine ýetirmeklerini üpjün eder” diýip, nygtadylar.
ABŞ-nyň Wekiller Palatasy geçen hepde 901 milliard dollardlyk kanuny kabul etdi we Senatyň garamagyna hödürledi. Taslama Sezar sanksiýalarynyň doly bes edilmegini nazarda tutýar.
Kanun Senatda tassyklandan soň Prezident Donald Trampyň garamagyna hödürlener.
















