Ýunus Emre Instituty Türk Dili Boýunça  Halkara Derejesinde Ykrar Edilýän Synag (TYS) Geçirýär
TÜRKIÝE
1 minut okamak
Ýunus Emre Instituty Türk Dili Boýunça Halkara Derejesinde Ykrar Edilýän Synag (TYS) GeçirýärÝunus Emre instituty tarapyndan türk dilini daşary ýurt dili ýa-da ikinji dil hökmünde öwrenýän adamlaryň dil başarnygyny kesgitlemek maksady bilen geçirilýän Türk dili boýunça Synag (TYS) üçin täze möwsümiň hasaba alyş işleri başlanýar.
Ýunus Emre Instituty Halkara Derejesinde Ykrar Edilýän Türk Dili Boýunça Synag (Tys) Geçirýär

Ýewropanyň Dil Synaglaryny Geçirijiler Assosiasiýasy (ALTE) tarapyndan tassyklanan Q-mark hil nyşanyna eýe bolan TYS türk diliniň halkara derejesindäki ygtybarlylygyny tassyklaýan ilkinji we ýeke-täk resmi dil synagydyr.

Synagda okamak, diňlemek, ýazmak we geplemek ýaly dört esasy dil başarnygy bahalandyrylýar. Üç tapgyrdan ybarat bolan synagyň umumy dowamlylygy 180 minutdyr.

Synagdan üstünlikli geçen dalaşgärler B2 we C1 derejelerinde Türk dili boýunça Yeterlik şahadatnamasyny almaga hukuk gazanýarlar. Bu şahadatnama Türkiýedäki ýokary okuw mekdeplerinde türk dili boýunça taýýarlyk synpyndan boşadylmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, akademik işjeňlik, işe kabul edilmek, ýolbeletlik hem-de terjimeçilik ýaly ugurlarda möhüm artykmaçlyklary üpjün edýär.

Türkiýe bilen birlikde Ýunus Emre institutlarynyň hereket edýän ähli ýurtlarynda bir wagtda geçiriljek synaga hasaba alyş işleri 2026-njy ýylyň 3–28-nji awgusty aralygynda kabul ediler. Synag bolsa 2026-njy ýylyň 27-nji sentýabrynda geçiriler.

Synaga gatnaşmak isleýän dalaşgärler ýüz tutmalaryny www.sinav.yee.org.tr internet sahypasynyň üsti bilen tamamlap bilerler. Synagyň mazmuny, gollanmalar we beýleki jikme-jik maglumatlar bilen bolsa www.tys.yee.org.tr resmi internet sahypasynda tanşyp bolýar.

Öwren
Ýokary Harby Geňeşiň maslahaty geçirler
Döwlet agdarylyşygyna edilen synanyşykda Erdoganyň janyna kast etmäge çalşan FETÖ agzasy ele salyndy
Prezident Rejep Taýyp Erdogan Liwan Respublikasynyň Prezidenti Jozef Oun bilen duşuşdy
Prezident Erdogan Yragyň Ýokary kazyýet geňeşiniň başlygy Zeýdany kabul etdi
Türkiyede adamlaryň ortaça ýaşy 78,5 ýyla ýetdi
Türkiýe ählumumy ynsanperwerlik kömeginiň gerimini giňeldýär we 85 ýurda goldaw berýär
Prezident Erdogan Yragyň Premýer-ministri Ali ez-Zeýdi bilen bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdi
Türkiye Ispaniýadan soň indi bolsa Fransiýa ýangyn söndüriji uçarlaryny iberdi
Yragyň Premýer ministri Türkiyä sapar gurar
Prezident Erdogan Aýasofýanyň ybadata açylmagynyň 6-njy ýyly bilen gutlady
Türkiye ysraýylly ministriň Aksa metjidinde reýd geçirmegine reaksiýa bildirdi
Türkiyäniň AKÝA torpedosy hakyky ot açyş synagynda nyşana alnan gämini ýok etdi
Türkiye: "Biz 90 ýyl bäri Montrýo bogazlary konwensiýasyny üns bilen ýerine ýetirýäris"
Daşary işler ministri Hakan Fidan katarly kärdeşi bilen duşuşdy
Egeý deňzinde 39 migrant tussag edildi, 8-si bolsa halas edildi
Türkiýe 4 aýda 23,5 million dollarlyk doňdurma eksport etdi
Malatýanyň Battalgazi etrabynda 5 bal ululygynda ýer titredi
15-nji iýuldan soň Daşary syýasat we Türkiyäniň geljekki maksatnamalary
15-nji Iýuldan Soňky Energetika Syýasatlary
FETÖ-niň Goranmak senagatyna garşy sabotažlary we möhüm taslamalar