Türki Döwletleriň Guramasynyň Döwlet we hökümet baştutanlary geňeşiniň 13-nji sammiti Prezident R. T. Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde “Türk asyry: Dilde, pikirde we işde birlik”temasy bilen Ankarada geçirilýär.
Sammite gatnaşýan ýurtlaryň liderleri Beştepe Millet Sergi zalynyň girelgesidne Prezient R. T. Erdogan tarapyndan garşylandy.
Bu ýerde düşürlen maşgala suratynda Prezident Erdogan, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow we Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen synçy ýurtlar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we DKTR-nyň Prezidenti Tufan Erhürman bilen Türki döwletleriň guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew ýer aldy.
Myhman ýurtlaryň liderlerini Beştete Millet sergi zalynyň girelgesinde şeýle hem taryhdaky 16 türk döwletine wekilçilik eden baýdaklar bilen ýeniçeri eşigini geýen esgerler garşy aldy.





















