Duş 15 Ýek
Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän maglumatyna görä, duşenbe güni Liwiýanyň Al Sarra howa bazasynda tiz kömek dikuçarynyň heläkçilige uçramagy sebäpli 5 adam ýogaldy.
Al Wasat habar portalynyň berýän maglumatyna görä, tiz kömek dikuçary Kufra şäheriniň 300 kilometr günorta gündogarynda heläkçilige uçrady.
Heläkçilikde ýogalanlaryň arasynda harby transport gullugynyň iki işgäri bilen Kufra şäherindäki hassahananyň şepagat uýasynyň hem bardygy nygtaldy.
Heläkçilikde ýogalan iki adamyň bolsa daşary ýurtly bolandygy bellenildi.
Liwiýaly ýolbaşçylar heläkçilik hakynda heniz hiç hili resmi beýannama bermedi.











