Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gruziýanyň Bilelikdäki Gümrük komitetiniň 5-nji mejlisi Azerbaýjanyň Göýgöl welaýatynda geçirildi.
Azerbaýjanyň Döwlet Gümrük komitetiniň başlygy Şahin Bagyrowyň ýer eýeçiliginde geçirilen mejlise Türkiýäniň Söwda ministriniň orunbasary Sezaý Uçarmak hem-de Gruziýanyň Maliýe ministriniň orunbasary, Girdeji gullugynyň başlygy Mamuka Barataşwili gatnaşdy.
Azerbaýjanyň Döwlet Gümrük komitetiniň habar bermegine görä, mejlisde üç ýurduň gümrük gulluklarynyň arasyndaky häzirki hyzmatdaşlyk we bu hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşyldy.
Orta geçelge boýunça ýük gatnawynyň artmagy bilen bagly üstaşyr amallary çaltlandyrmak, gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek, elektron maglumat alyş-çalşygyny we sanly gümrük ulgamlaryny ösdürmek, şeýle hem serhet geçelgelerindäki işleriň depgininiň ýokarlandyrylmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bakuw–Tbilisi–Kars demir ýolunyň çäginde üstaşyr amallaryny ýeňilleşdirmek we gümrük gulluklarynyň arasyndaky utgaşyklygy güýçlendirmek bilen bir hatarda, üstaşyr gümrük amallaryny sazlaşdyrmak, deslapky elektron maglumat alyş-çalşygyny ösdürmek, töwekgelçilikleri dolandyryş mehanizmlerini güýçlendirmek we gümrük düzgünleriniň bozulmalaryna garşy çare görmekde hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça meselelere hem garaldy.
Mejliste ozalky duşuşyklarda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi hem seljerildi. Geljekde geçiriljek işler kesgitlenip, degişli teswirnama gol çekildi.





















