Beýik Britaniýada terrorçylykly hüjüm guramak üçin taýýarlyk görendigi şübhesi bilen aralarynda Eýranyň 4 raýaty bolan jemi 5 adam göz tussaglygyna alyndy. Derňew işini dowam etdirýän polisiýa gullugy, ýurda abanyp biljek başga howplaryň bolup-bolmandygyny derňeýär.
Beýik Britaniýanyň Polisiýa gullugy 4-si Eýranyň raýaty bolan jemi 5 adamyň “terrorçylykly jenaýat” sebäpli göz tussaglygyna alynandygyny aýan etdi.
Londonyň Metropolitan polisiýasy ýekşenbe güni beren beýanatynda, London, Swindon we Greater Mançester sebitlerinde geçirilen operasiýalaryň “kesgitli bir ýeri nyşana almagy maksat edinen meýilnama” bilen baglanşyklydygyny belledi.
Ýaşlary 29 bilen 46 aralygynda üýtgeýän adamlaryň “terrorçylykly aksiýa taýýarlyk” sebäpli entegem göz tussaglygyna saklanýandyklary mälim edildi. Polisiýa gullugy şübhe astyndaky adamlaryň biriniň milletiniň entek anyklanmandygyny habar berdi.










