TÜRKIÝE
2 minut okamak
Prezident Rejep Taýyp Erdogan Liwan Respublikasynyň Prezidenti Jozef Oun bilen duşuşdy
Prezident Rejep Taýyp Erdogan: «Ysraýyl adamzada garşy jenaýat edýär.»
Prezident Rejep Taýyp Erdogan Liwan Respublikasynyň Prezidenti Jozef Oun bilen duşuşdy
Erdogan resmi sapar bilen Ankara gelen Liwan Respublikasynyň Prezidenti Oun bilen bilelikdäki metbugat ýygnagyny geçirdi.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogan resmi sapar bilen Ankara gelen Liwan Respublikasynyň Prezidenti Jozef Oun bilen Prezidentiň köşgünde duşuşdy. Iki döwletiň Baştutanlarynyň özara duşuşygyndan soň bilelikdäki metbugat ýgnagy geçirildi.

Metbugat ýygnagynda çykyş eden Prezident Erdogan Liwanyň uzak ýyllaryň dowamynda sebitdäki käbir güýçleriň bäsdeşliginiň we çaknyşyklarynyň esasy pidalarynyň birine öwrülen doganlyk döwletdigini beýan etdi. Şeýle hem ol Ýakyn Gündogarda durnuklylygy, parahatçylygy we özara bähbitli hyzmatdaşlygy üpjün etmäge gönükdirilen tagallalardan iň köp peýda görjek ýurtlaryň hatarynda Liwanyň möhüm orun eýeleýändigini aýtdy.

Prezident Erdogan 2026-njy ýylyň 2-nji martyndan bäri Ysraýylyň Liwana garşy amala aşyrýan hüjümleriniň netijesinde 4 müň 300-den gowrak liwanlynyň heläk bolandygyny, 2 müňden gowrak adamyň şikes alandygyny we 1 milliona golaý adamyň öýlerini terk etmäge mejbur bolandygyny aýtdy.

Prezident Erdogan çykyşynda şeýle diýdi:

«Hormatly Prezidentiň şahsynda doganlyk Liwan halkyna çuňňur gynanç bildirýärin, ýaralananlara şypa edileýärin. Türkiýe ilkinji günden bäri bu hüjümlere garşy iň berk reaksiýa bildiren döwletleriň biri boldy. Ysraýylyň adamzada garşy edýän jenaýatlaryny halkara gün tertibinde yzygiderli gozgadyk. Hüjümleriň we basybalyjylygyň bes edilmegine gönükdirilen diplomatik tagallalar bilen ýakyndan gyzyklanýarys. Hüjümlerde agyr zyýan çeken Günorta Liwanyň gaýtadan dikeldilmegine ýurdumyz tarapyndan ähli zerur goldawy berilmäge taýýar.»

Liwan Respublikasynyň Prezidenti Jozef Oun bolsa iki ýurduň arasynda taryhy taýdan berk binýatly dostlukly gatnaşyklaryň bardygyny nygtady.

Ol çykyşynda: «Iki halkyň bähbidine we sebitiň durnukly ösüşine hyzmat etjek hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirmek ugrunda güýçli syýasy erk-islegimiz bar» diýip, belledi.

Prezident Jozef Oun myhmansöýerlik we mähirli kabul edendigi üçin Prezident Rejep Taýyp Erdogana hoşallyk bildirip, bu saparyň sebit üçin örän möhüm günlerde amala aşandygyny aýtdy. Onuň bellemegine görä, häzirki wagtda Ýakyn Gündogar geljekki ösüşiň we täze syýasy gurluşyň kemala gelýän giňişligine öwrülýär.

Ol Türkiýe bilen Liwanyň doganlyk gatnaşyklarynyň geljekde has-da pugtalandyryljakdygyny nygtap, Prezident Erdoganyň öňdengörüjilikli syýasaty we berk syýasy erk-islegi netijesinde bu gatnaşyklaryň täze derejä çykaryljakdygyna ynam bildirdi.

Prezident Jozef Oun Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy Gahryman Mustafa Kemal Atatürküň «Ýurtda parahatçylyk, dünýäde parahatçylyk» diýen parasatly sözlerine salgylanyp, iki ýurduň dostlukly gatnaşyklarynyň taryhy mirasa mynasyp derejede mundan beýläk-de ösdüriljekdigini aýtdy hem-de çykyşyny «Liwan–Türkiýe dostlugy baky ýaşasyn!» diýen sözler bilen jemledi.

Öwren
Woleýbolçy gyzlar ýarym finala gatnaşmaga hukuk gazandy
Stambulyň golaýynda iki söwda gämisi kakyşdy
Prezident Erdogan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammitine gatnaşar
Prezident Erdogan 30-njy awgust Ýeňiş baýramy mynasybetli ýüzlenme çap etdi
Türkiýe Gara deňizde gämilere guralan hüjümler sebäpli Ukrainanyň ilçisini çagyrdy
Daşary işler ministrligi: Halkara jemgyýetçiligi Netanýahu hökümetiniň ýalanlaryna ynanmaýar
Ukrainanyň Ankaradaky ilçisi Daşary işler ministrligine çagyryldy
Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Keçeli Gresiýa bilen bagly beýanat berdi
Türkýäniň polat önümçiligi iýul aýynda 7 göterim artdy
MGM: “SDG-nyň dargamagy, möhüm wakadyr”
Türkiýe we Siriýa Damaskda 10 milliard dollarlyk söwda maksadyny ara alyp maslahatlaşdy
Prezident Erdogan Beýik hüjümiň 104-nji ýyllygy mynasybetli ýüzlenme çap etdi
Erdogan Ýewfrat galkany operasiýasynyň 10 ýyllygy bilen baglanyşykly ýüzlenme çap etdi
Türkiýe bilen Siriýanyň arasynda magdançylyk ugrunda strategik hyzmatdaşlyk
Göljükde “Mawy Watan” Togunşygy: TEHNOFEST-e Ýüztutmalar Başlady
Prezident Erdogan 17-nji awgust ýer titremesinde ýogalanlary hatyralady
Türkiýäniň 17 ýaşyna ýetmedik Milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy kümüş medal aldy
Raketa öndürmek üçin Türkiýä ýüz tutulyp bilner
Alihan Kuriş jenaýat toparyna operasiýa geçirildi
Türkiýe Aý enjamyny 2027-nji ýylyň ilkinji aýlarynda kosmosa uçurar