Ysraýylyň Goranmak ministri Ysrael Katz, şenbe güni beren beýannamasynda ýurduna abanýan milli howplary bahana görkezmek bilen Ysraýylyň Eýrana “öňüni alyjy” hüjüm gurandygyny aýtdy.
Raýatlaryna berlen duýduryşlara laýyklykda hereket etmekleri üçin çagyryş eden Katz, ýurtda adatdan daşary ýagdaý dolanşygyny yglan etdi.
Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, “Ysraýyl döwleti Eýrana garşy öňüni alyjy hüjüm” başlatdy. Goranmak ministri Katz, ýurduň çar tarapynda adatdan daşary ýagdaý dolanşygyny yglan etdi” diýildi.
Şaýatlar Tähranyň şäher merkezinden güýçli partlama sesleriniň eşidilendigini habar berdi.
Eýranyň hökümeti bolsa heniz hiç hili resmi beýannama bermedi.
“Fars” habarlar gullugy Yspyhandan, Kumdan, Karaždan we Kirmanşahdan partlama sesleriniň eşidilendigini habar berdi.
Eýranyň ýadro maksatnamasy meselesinde ABŞ bilen geçirilýän gepleşikleriň dowam edýän günlerinde guralan hüjüm ünsleri özüne çekdi.
Eýranyň liderleri nyşana alyndy
Amerikaly resmilerden biri harby hüjüm hakynda beren beýannamasynda, ABŞ-nyň Eýrana guralan hüjümde Ysraýyla goldaw berendigini mälim etdi. Emma mesele hakynda giňişleýin maglumat bermekden gaça durdy.
“Roýter” habarlar gullugyna beýannama beren amerikaly başga bir resmi bolsa hüjümiň howadan we deňizden guralandygyny mälim etdi.
Eýran bilen Ysraýyl howa giňişlikleriniň ýapylandygyny habar berdi.
Ilkinji hüjümde Eýranyň dini lideri Aýetullah Ali Hamaneýiň kabulhanasynyň golaýynda ýerleşýän sebitiň nyşana alynandygy nygtaldy.
86 ýaşyndaky Hamaneýiň şol pursatlarda kabulhanasynda bolup bolmandygy hakynda hiç hili maglumat berilmedi.
Eýranyň dini lideriniň Tähranda bolmandygy we howpsuz ýere alnyp gidilendigi öňe sürülýär.
Eýranyň “ISNA” habarlar gullugy, Ysraýylyň ilkinji hüjümlerinde Ynkylap goragçylary goşunyndan köp sanly adamyň ýogalandygyny we ýaralanandygyny habar berdi.
















