Eýran ylalaşygyň çäginde Ormuz bogazyny söwda gämileri üçin açandygyny habar berdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Eýranyň beýannamasyna kanagatlanma bildirdi.

By
Eýran ylalaşygyň çäginde Ormuz bogazyny söwda gämileri üçin alandygyny habar berdi / Reuters

Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Arakçi Liwandaky ylalaşygyň çäginde ähli söwda gämileri üçin Ormuz bogazyny açandyklaryny mälim etdi.

Abbas Arakçi anna güni X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda “Liwandaky ylalaşygyň çäginde Eýranyň Portlar we deňizçilik guramasy tarapyndan Ormuz bogazynyň ähli söwda gämileri üçin açylandygy yglan edildi” diýdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramo Eýranyň beýannamasyna kanagatlanma bildirdi.

Tramp anna güni Trut Sosial platformasy arkaly beren habarnamasynda “SAG BOLSUN AÝDÝARYN” diýdi.

Tramp habarnamasynda Eýranyň bu dar suw ýolunyň “DOLULYGYNA AÇYK WE DOLY GEÇIŞE TAÝAR”dygyny mälim edendigine ünsi çekdi.

Donald Tramp emma Tähran bilen parahatçylyk şertnamasy baglaşylýança ABŞ-nyň Eýranyň portlaryna goýan deňiz gabawynyň dowam etjekdigini nygtady.

ABŞ bilen Ysraýylyň 28-nji fewralda Eýrana garşy başladan hüjümleri sebäpli söwda gämileriniň Ormuz bogazyndan geçmegi çäklendirlipdi.

ABŞ-nyň Deňiz güýçleriniň kabul eden soňky kararynda Aýlagdan nebit we söwda gämileriniň geçmegi üçin hem Eýrandan hem-de Amerikadan rugsat alynmagy talap edilýärdi. Bu ýagdaý gämi gatnawynda uly bökdençlige sebäp boldy.