Ysraýyl Gaza barýan iň soňky flotiliýa bolan Global Sumud flotiliýasynada böwet boldy

Global Sumud flotiliýasy 2025-nji ýylda Gaza giden dördünji flotiliýasy, köp sanly näbelli gämi tarapyndan gurşalandygyny habar bereninden bir sagat soň Ysraýylyň harby güýçleri tarapyndan petiklendi.

Global Sumud flotiliýasy

Ysraýyl harby güýçleri çarşenbe güni Global Sumud flotiliýasyny Gazanyň gabawyny bozmak maksady bilen ýakynlaşan mahaly, ynsanperwer kömek flotiliýasynyň öňünde üç deňiz mil uzaklykda 20-den gowrak näbelli gäminiň hasaba alynandygy barada habar berilmeginden 1 sagat soň duruzdy.

Ynsanperwer kömegi we lukmançylyk enjamlaryny alyp barýan gämiler awgust aýynyň ahyrynda ýola çykypdy we adatça penşenbe güni irden Gazanyň kenaryna ýetmegine garaşylýardy.

Global Sumud flotiliýasy, şu ýyl Gaza tarap ýola çykan dördünji ynsanperwer kömek flotiliýasydyr. Ondan öň bolsa “Wyždan”, “Madleen” we “Handala” flotiliýalary 2025-nji ýylda şuňa meňzeş başlangyçlar edipdiler.

Aktiwistleriň göz tussaglygyna alnyp-alynmandygy ýa-da gämileriň ykbaly barada entek maglumat ýok.

Ysraýyl 2-nji martda Gazadaky gabawyny berkitdi, ähli serhet geçelgelerini ýapdy we azyk, derman we ynsanperwer kömekleri petikledi. Bu ýagdaý, serhetlerde ynsanperwer kömek ulaglarynyň köpelmegine garamazdan Gazany açlyga sezewar etdi.

Ysraýylyň harby güýçleri 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri aglabasy zenanlardan we çagalardan ybarat 66100-den gowrak palestinalyny öldürdi. Dowamly hüjümler sebiti ýaşap bolmajak ýagdaýa getirdi we şol bir wagtda açlygyň we keselleriň ýaýramagyna sebäp boldy.