DÜNÝÄ
1 minut okamak
Bütindünýä Banky Ukrainanyň täzeden dikeldilmeginiň çykdajylarynyň 588 milliard dollara ýetendigini
Täzeden gözden geçirlen çykdajylar Ukrainanyň jemi içerki önüminiň üç esse golaý bolan 524 milliard dollardan ýokarlandy we hasaplamalar ýaşaýyş jaý gurluşygyna, energiýa, bilim, ulag we beýleki möhüm pudaklara gönükdirildi.
Bütindünýä Banky Ukrainanyň täzeden dikeldilmeginiň çykdajylarynyň 588 milliard dollara ýetendigini
Ukraina-Russiýa urşy
Duş 15 Ýek

Bütindünýä banky Ukrainanyň dikeldilmegi üçin çykdajylaryň çaklamasyny täzeledi we geçen ýylyň ahyryndaky görkezijini öňki hasabatdaky 524 milliard dollardan 588 milliard dollara ýetirdi.

Duşenbe güni çap edilen beýanatda, Russiýa bilen urşuň başlanmagyndan bäri geçen dört ýyly hem öz içine alýan on ýyllyk çykdajynyň 2025-nji ýylda Ukrainanyň jemi içerki önüminiň üç esse golaý boljakdygy aýdylýar.

Bank beren beýanatynda: "Ösüş hyzmatdaşlarynyň goldawy bilen, Ukrainanyň hökümeti 2026-njy ýyl üçin dikeldiş we täzeden gurmak boýunça ileri tutulýan ugurlaryna ýetmek üçin möhüm ädimler edýär; bularyň arasynda döwlet maýa goýum taslamalary we weýran bolan ýaşaýyş jaýlary üçin maliýeleşdirme, minalary arassalamak we umumy bahasy 15 milliard dollardan gowrak bolan köpugurly ykdysady goldaw maksatnamalary ýaly esasy dikeldiş goldaw maksatnamalary bar" diýip habar berildi.

Bank 2022-nji ýylyň fewral aýyndan bäri ýaşaýyş jaý, energiýa, bilim, ulag we beýleki möhüm pudaklarda gyssagly abatlaýyş işleri we irki dikeldiş işleri arkaly azyndan 20 milliard dollarlyk zerurlyklary kanagatlandyrandygyny belledi.

Hasabatda şeýle hem Ukrainadaky gönüden-göni zyýanyň öňki hasabatdaky 176 milliard dollarden 195 milliard dollara ýetendigi, ýaşaýyş jaýlarynyň, ulag we energiýa pudaklarynyň iň köp zyýan çeken pudaklar bolandygy aýdylýar. Beýanatda şeýle hem, "Zyýanlar, ýitgiler we zerurlyklar front liniýalarynyň golaýyndaky sebitlerde we iri şäherlerde jemlenen bolmagynda galýar" diýlip mälim edildi.