ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 4 ýyla golaý wagt bäri dowam edýän Ukrainadaky söweşiň bes edilmegi meselesiniň daşary syýasatda başdan geçirýän iň kyň meselesi bolmaga dowam edýändigini aýtdy.
Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý, ýekşenbe güni beren beýannamasynda ýakynda Ýewropaly liderler bilen geçirjek gepleşiklerinden öň ABŞ-nyň wekilleri bilen Ukraina üçin parahatçylyk meýilnasmasy boýunça gepleşik geçirendiklerini emma gepleşikleriň beýle aňsat bolmandygyny aýtdy.
Zelenskiý şenbe güni ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ýörite wekili Stiw Witkoff we Trampyň körekeni Kuşner bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiýiň şu gün bolsa Londonda Fransiýanyň, Britaniýanyn we Germaniýanyň liderleri bilen duşuşyk geçirmegine garaşylýar.
Zelenskiý düýn gije beren wideo ýüzlenmesinde “Amerikaly wekiller Ukrainanyň tutumyny bilýär, gepleşik oňyn ýagdaýda geçirildi emma beýle aňsat däl” diýdi.
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 4 ýyla golaý wagt bäri dowam edýän Ukrainadaky söweşiň bes edilmegi meselesiniň daşary syýasatda başdan geçirýän iň kyň meselesi bolmaga dowam edýändigini aýtdy.
ABŞ-nyň töwellaçylyk etmeginde wagtal-wagtal geçirlen ýokary derejeli duşuşyklara garamazdan parahatçylyk gepleşikleriniň depgini gowşak bolmagynda galýar.
Ukraina üçin howpsuzlyk kepilligi we Russiýanyň basyp alan ýerleriniň statusy meselesindäki düşnümezlik heniz çözülmedi.
Moskwa gepleşiklere açykdygyny nygtaýar, Ukraina bilen Günbatarly ýurtlary bolsa parahatçylygy bökdemekde günäkärleýär.
Beýleki tarapdan Ukraina bilen ýaranlary bolsa Russiýanyň wagt utmaga çalyşýandygyny nygtaýar.









