TÜRKIÝE
2 minut okamak
Prezident Erdogan, Malazgirt ýeňişiniň 954 ýyllygy bilen gutlady
Malazgirt söweşi, türk halky tarapyndan Anadolynyň türk ýurduna öwrülmeginiň başlangyjy hökmünde kabul edilýär.
Prezident Erdogan, Malazgirt ýeňişiniň 954 ýyllygy bilen gutlady
25 Awgust 2025

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan, Malazgirt ýeňişiniň 954 ýyllygy mynasybetli Bitlisiň Ahlat etrabynda Okçular gaznasy tarapyndan geçirlen çärä gatnaşdy.

Erdogan açylyş dabarasynda eden çykyşynda, bu ýeňişiň Türkiýäniň ykbalyny kesgitlän öwrülşik nokady bolandygyna ünsi çekdi.

“Mundan doly 954 ýyl ozal, 1071-nji ýylyň 26-njy awgustynda Soltan Alparslanyň öňbaşçylygynda gazanylan Malazgirt ýeňişi, taryhymyzyň ugruny üýtgetdi” diýen Prezident Erdogan “Bu ýeňiş bilen birlikde türk halky, Anadolyny türk ýurduna öwrülmegi üçin aýgytly ädim ätdi” diýdi.

1071-nji ýylyň 26-njy awgustynda Seljuklylar, özlerinden has güýçli bolan Wizantiýanyň goşunyny ýeňip Anadolynyň gapylaryny türkler üçin açýar.

Bu ýeňişiň 954 ýyllygy, türk halkynyň gaýduwsyz göreşiniň simwoly we Seljuklylaryň bir wagtlar söweş üçin taýarlyk gören sebitlerinde uzak ýyllardan bäri iş alyp barýan PKK howpunyň ortadan aýrylmagyny maksat edinýän terrorsyz Türkiýe başlangyjyna bap gelýär.

Prezident Erdogan, “Şu günki günde biziň esasy wezipämiz, Malazgirt ruhuny dowam etdirmek we geljek nesillere ýetirmekdir. Sebäbi Malazgirt diňe bir söweşiň däl, eýsem halkymyzyň müň ýyllyk doganlygynyň, watan söýgüsüniň we jebislikde ýaşamak isleginiň nyşanydyr” diýdi.

Prezident Erdogan şu gün Bitlisiň Ahlat etrabynda täze açylan we Ankaranyň daşyndaky ilkinji döwrebap Prezidentiň kompleksi bolan desgada geçiriljek Ministrler kabinetiniň mejlisine ýolbaşçylyk eder.

Seljukly goşunynyň Malazgirt söweşinden öň harby merkez hökmünde ulanan ýeri bolan Ahlat, şu günki günde Muş welaýatynyň serhetlerinde ýerleşýär.

Prezident Erdogan, “Pursatdan peýdalanyp eziz halkymyzyň 26-njy awgust Malazgirt ýeňişiniň 954 ýyllygy bilen mähirli gutlaýaryn” diýdi.

Awgust aýy “ýeňişler aýy” hökmünde bilinýär.

30-njy awgust bolsa Türkiýede resmi taýdan Ýeňiş baýramy hökmünde bellenilip geçilýär.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
Fidan: ABŞ Waşingtondaky gepleşiklerden soň Siriýanyň birleşmegine bolan zerurlygyna düşündi
Erdogan: Türkiyäni güýçlendirmek Atatürkiň mirasyna hormat goýmak diýmekdir
Atatürkiň Salonikdäki öýi abatlandy
Daşary işler ministri Hakan Fidan ABŞ-da saparda bolar
Erdogan: Owganystan bilen durnuksyz ýaraşyk dowam edýärkä türk wekiliýeti Pakistana sapar gurar
Erdogan ABŞ-nyň F-35 boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmegini umyt edýär
Türkiye kiber içalylyk bilen bagly geçiren reýdlerinde şübhe astyndaky iki adamy tussag etdi
Erdogan bilen Dibeýbe Türkiýe bilen Liwiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy
Britaniýanyň Ankaradaky ilçisi: “Türkiýe Siriýanyň galkynyşynda uly rol oýnaýar”
Türkiye Gazadaky ýaraşygyň dowam etdirilmegi barada çagyryş berdi
Türkiye Gazada ýaraşygyň ýol meýilnamasyny maslahatlaşmak üçin Stambulda Hamas bilen duşuşdy
Daşary işler ministri Hakan Fidan Finlýandiýada saparda bolýar
Altaý tanky Türkiýäniň goranyş güýji we global maksatlary üçin täze bir döwri delillendirýär
Türkiye noýabr aýynda Siriýa üstaşyr transport gatnawyny başladar
Türkiýe Gaza esger ugradylmagy meselesinde BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň kararyna görä hereket eder
Fidan: Ysraýyl Gazadaky ýaraşygy sabotaž etdi we onuň jogabyny bermeli
Erdogan: Türkiye goranyş taslamalary boýunça ýewropaly hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlygyny tizleşdir
Prezident Erdogan Al-Faşirdäki asuda ilat gyrgynçylygyny ýazgardy
Pakistan bilen Owganystan 6-njy noýabrda Stambulda gepleşikleri dowam etdirerler
Ýylmaz: Türkiye goranmak senagaty boýunça egilşik etmez