Ysraýylyň harby goşuny sişenbe güni Liwanyň günortasyna hüjüm gurandygyny we Hizbullaha degişli käbir desgalaryň we tälim merkeziniň nyşana alynandygyny habar berdi.
Ysraýylyň harby goşuny, Liwanyň günortasynda birnäçe sebitde Hizbullaha degişli ýerlere zarba urdy.
Ysraýylyň harby goşunyna görä, Hizbullahyň Radwan güýji tarapyndan ulanylan tälim merkezi bilen Hizbullaha degişli harby binalar nyşana alyndy.
2024-nji ýylyň noýabr aýynda Ysraýyl bilen Liwanly şaýy toparyň arasynda 1 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän çaknyşyklaryň bes edilmegi baradaky ylalaşyga garamazdan Ysraýyl Liwana garşy guraýan hüjümlerini dowam etdirdi. Ysraýyl mundan başgada Liwanda 5 sebitde harby basyp alyşlygyny dowam etdirdi.
Liwanyň hökümeti Hizbullahy ýaragsyzlandyrmagy wada beripdi. Harby goşun üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli serhetlerindäki toparyň harby infrastrukturasyny ortadan aýyrmagy meýilleşdirýär.
BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryndan ybarat topar şenbe güni taraplara ylalaşygy dowam etdirmekleri üçin çagyryş beripdi.











