DÜNÝÄ
2 minut okamak
Wenesueal: ABŞ-nyň soňky nebit tankerlerini ele geçirmegi “halkara garakçylyk”
Resmi Karakas ABŞ-nyň Madurony häkimiýetden çetleşdirmek we Wenesuelanyň nebit baýlyklaryna gözegçilik etmek üçin “neşe söwdasyna garşy göreş tagallalaryny” bahana hökmünde ulanýandygyny beýan edýär.
Wenesueal: ABŞ-nyň soňky nebit tankerlerini ele geçirmegi “halkara garakçylyk”
Wenesueal: ABŞ-nyň soňky nebit tankerlerini ele geçirmeği “halkara garakçylyk” / Reuters

Wenesuelanyn hökümeti ABŞ-nyň, ýurduň kenarýaka zolagynda beýleki bir nebit tankerini ele geçirmegini “halkara garakçylygynyň düýpli mysaly” hökmünde häsýetlendirdi.

Wenesuelanyň resmileri ABŞ-nyň ikinji nebit tankerini “ogurlamagyny we zamun almagyny” ýazgardy. Prezidentiň orunbasary Delsi Rodrigeziň şenbe güni sosial media arkaly beren beýanatynda; “Bu wakalar jezasyz galmaz. Bu gynandyryjy wakalaryn jogapkärleri adaladyň we taryhyn öňünde hasap bererler” diýip ýazdy.

Resmi Karakas bu wakalaryn BMG-nin Howpsuzlyk geňeşine, beýleki köptaraply guramalara hem-de hökümetlere habar beriljekdigini beýan etdi.

ABŞ-nyň Içerki howpsuzlyk ministri Wenesuelada labyryny taşlan nebit tankeriniň alynandygyny beýan edipdi. Krist Noem X hasabyndan beren habarnamasynda ABŞ-nyň Kenarýaka howpsuzlyk güýçleriniň Pentagonyň goldaw bermeginde şapak wagtyndan ozal gämini ele salandyklaryny habar berdi.

Noem; “ABŞ sebitdäki narko-terrorizmi maliýeleşdirmek üçin goýulan sanksiýalara degişli bolan nebitiň bikanun satuwy bilen gyzyklanmaga dowam eder. Sizi taparys we togtadarys” diýdi.

Dartgynlyk güýjeýär

ABŞ-nyň Prezident Donald Tramp Wenesuela gelen ýa-da giden sanksiýa degişli nebit tankerlerine garşy “doly we gyşarnyksyz gabaw” yglan etdi. Dartgynlyk 10-njy dekabrda Amerikan güýçleriniň Wenesualnyň deňiz ýalpaklaryndaky bir nebit tankerini ele geçirmegi sebäpli güýjedi. Wenesuela bu wakany “garakçylyk” hökmünde häsýetlendiripdi.

Waşington bu çärelerin galplyga we bikanun neşe söwdasyna garşy göreşiň çäginde görülýändigini beýan edýän bolsa; Karakas ABŞ-nyň bikanun neşe söwdasyna garşy göreş tagallalaryny Madurony häkimiýetden çetleşdirmek we Wenesuelanyň nebit baýlyklarynyn gözegçiligini ele geçirmek üçin bahana hökmünde peýdalanýandygyny beýan edýär.

Öwren
Iordaniýa: Eýranyň ýurduna guraýan hüjümlerini “bilkastlaýyn” hökmünde häsiýetlendirdi
Hindistanda sil sebäpli 17 müň 500 adam ewakuasiýa edildi
Gollandiýada ABŞ-daky we Kanadadaky 86 tonna altynyny Britaniýa getirdi
Gresiýada Günbatar Nil wirusyna ýoluganlaryň sany 290 adama ýetdi
Katar, Müsür we Iordaniýa Eýranyň Arap goňşularyna guraýan hüjümlerini ýazgardy
Ysraýyllylaryň Günbatar Şeriada iki aýry oba guran hüjüminde iki palestinaly ýogaldy
Tramp Eýran bilen urşuň tamamlanandygyny yglan etmegi göz öňünde tutýar
Russiýa Moskwany nyşana alan 37 drony urup düşürendiklerini mälim etdi
Russiýa: Ukrainanyň logistika merkezlerine we harby maksatlar üçin ulanylýan gämilere hüjüm guradyk
ABŞ-nyň Minneapolis şäherinde bolan atyşykda iki adam ýogaldy
ABŞ-nyň Eýrana guran soňky hüjüminde azyndan 18 adam ýogaldy
Germaniýada demir ýol menziliniň golaýynda partlama boldy
Nepal-Hytaý serhedinde bolan sil apatynda ýogalan adamlaryň sany artdy
Müsürde bolan awtobus heläkçiliginde 16 adam ýogaldy
Russiýa: Eýranyň S-300 howa goranyş ulgamy täsirli işleýär
Ganhor Ysraýylyň Gaza guran hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 73 müň 462 adama ýetdi
Siriýanyň Idlib welaýatynda ok-däri ýüklenen ulagyň ýarylmagy sebäpli 2 adam ýogaldy
ABŞ Yraga 800 million dollarlyk harby enjam satar
BAE: Eýranyň duşmançylykly hüjümlerine degişli gaýtawuly görkezmek bilen hemle atdy
Modi bilen Pezeşkiýan Ýakyn Gündogarda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy