Türkiye DAIŞ terrorçylarynyň Siriýanyň goldawy bilen azat edendigi baradaky aýyplamalary ret etdi
Dezinformasiýa garşy göreş merkezi: "Türkiyäniň terror guramasy DAIŞ-e garşy iň güýçli göreş alyp barýan ýurtdugy mälim we inkär edilip bolmajak hakykatdyr" diýip nygtady.
Türkiyäniň hökümetiniň Dezinformasiýa garşy göreş merkezi Siriýadaky soňky wakalarda Türkiyäniň goldawy bilen Siriýanyň goşuny tarapyndan DAIŞ terrorçylarynyň boşadylandygy baradaky öňe sürmeleriň "düýbünden esassyzdygyny" mälim etdi.
Merkez duşenbe güni Türkiyäniň NSosyal sosial media platformasynda: "Türkiyäniň sebitde DAIŞ-e garşy iň güýçli göreş alyp barýan we şu günki güne çenli terror guramasy DAIŞ-e iň uly zarbalary uran ýurtdugy belli we inkär edilip bolmajak hakykatdyr" diýip aýan etdi.
Merkez halky we "asyrlarboýy şol bir geografiýany paýlaşýan we köp umumy gymmatlyklary bolan dostlukly we doganlyk ýurtlarymyzy we goňşularymyzy" şeýle "esassyz delillere" ynanmazlyga çagyrdy.