Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Karni sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini aýtdy.
Telefon söhbetdeşliginde ABŞ bilen Kanadanyň arasyndaky söwda gatnaşyklary hakynda pikir alyşandyklaryny aýdan Karni “Telefon söhbetdeşligimiz işçilerimize iş mümkinçiligini döretjek, maşgalalaryň satyn alma kuwwatyny ýokarlandyrjak we Kanadanyň dillerine, medeniýetine we özygtyýarlygyna sarpa goýjak we özara bähbide esaslanýan söwda şertnamasynyň baglaşylmagy taýdan diýseň netijeli geçdi” diýip belledi.
Karni iki ýurduň wekilleriniň geljek hepdelerde mesele boýunça gepleşik geçirmäge başlajakdygyny nygtady.
ABŞ bilen Kanadanyň arasynda esasan Trampyň prezidentliginiň ikinji döwründe gümrük salgytlary we söwda syýasatlary meselesi sebäpli uly dartgynlyk emele gelipdi.
Kanadanyň Premýer-ministri Karni 27-nji oktýabrda beren beýannamasynda, ABŞ bilen söwda şertnamasynyň baglaşylmagy boýunça geçiriljek gepleşiklerde, ABŞ-nyň “gyzyk çyzyklaryny” kabul etmelidigini nygtapdy.
ABŞ-nyň Prezidenti Tramp bolsa Miçigan ştatynda eden saýlaw çykyşynda Kanada bilen söwda düşnüşmezligi meselesini ýakynda çözjekdiklerine ünsi çekipdi.





















