Beýik Britaniýanyň 10 raýaty Gazada uruş jenaýatyny etmek bilen aýyplanýar
Beýik Britaniýada taýýarlanan bir habarnama, 10 iňlis raýatyny Gazada uruş jenaýatyny etmek bilen aýyplaýar
Habarnama şübhe astynda bolan 10 raýatyň Ysraýylyň goşuny tarapyndan edilen “uruş jenaýatlary we adamzada garşy jenaýatlar” amala aşyrandygy bilen bagly delolary öz düzüminde jemleýär.
Beýik Britaniýada meşhur aklawçylaryň we hukuk derňew toparlarynyň biri, 10 iňlis raýatynyň gabaw astyndaky Gazada harby jenaýat edendigini öňe sürýän bir habarnamany Londonyň Içeri işler edarasynyň garamagyna hödürledi.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habaryna görä, 240 sahypalyk hasabat, duşenbe güni Beýik Britaniýanyň adam hukuklary boýunça meşhur aklawçysy Maýkl Mansfield KJ we Gaagada ýerleşýän derňewçiler topary tarapyndan şäheriň Metropoliten Terrorçylyga garşy polisiýa edarasynyň Harby jenaýat toparyna berilmek üçin taýýarlandy.
Arza Gazadaky we Beýik Britaniýadaky palestinalylara wekilçilik edýän Palestinanyň Adam Hukuklary Merkeziniň we Beýik Britaniýada ýerleşýän Jemgyýetçilik gyzyklanma hukuk merkeziniň (PILC) adyndan berildi.
Öz görnüşinde ilkinji bolan bu habarnamaa iňlis raýatlarynyň Gazadaky agyr jenaýatlara gatnaşandygy barada jikme-jik, düýpli derňelen we ynandyryjy subutnamalar bar.
Habarnamada şübhe astynda bolan 10 iňlis raýatlaryň şahsyýetleri barada maglumatlar berilýär, Ysraýylyň goşuny tarapyndan edilen “harby jenaýatlara we adamzada garşy jenaýatlara” gatnaşandyklary barada subutnamalar bar.
Şeýle hem hhabar tussag edilmek barada karar çykarmak we Beýik Britaniýanyň kazyýetlerinde jogapkärçilige çekmek maksady bilen iňlis raýatlary barada derňewleriň geçirilmegi barada talap bildirilýär.
Degişli hukuk topary hasabat bermezden ozal Şotlandiýanyň Ýard şäheriniň daşynda žurnalistler bilen söhbetdeş boldy. PILC-iň kanuny direktory Pol Heron hasabatyň alty aý dowam eden giňişleýin subutnamalary ýygnamak işine esaslanandygyny aýtdy.
Heron: "Metropoliten Polisiýa gullugynyň harby jenaýat toparyna tutan ýüz tutmamyzda, doly we gyssagly derňew we jenaýat jogapkärçiligine çekilmegi talap edilýär" diýdi.