SYÝASAT
2 minut okamak
Prezident Erdogan ABŞ-da möhüm duşuşyklar geçirdi
Prezident R. T. Erdogan ABŞ-na guran iş saparynyň çäginde diplomatiýa taýdan möhüm duşuşyklar geçirdi.
Prezident Erdogan ABŞ-da möhüm duşuşyklar geçirdi
Prezident Erdogan ABŞ-da möhüm duşuşyklar geçirdi / AA
26 Sentýabr 2025

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen bolan duşuşygyndan soň Ak Tamdan gaýtdy.

Penşenbe güni Owal ofisde bolan duşuşyk we duşyşykdan soňky iş nahary, NATO-nyň iki ýarany üçin ynjyk döwre gabat geldi.

Tramp, Erdogan bilen goranyş pudagy, esasan Türkiýäniň ABŞ-da öndürlen F16 we F-35 harby uçaryny satyn almagy meselesi boýunça giň gerimli gepleşikleriň geçiriljekdigini nygtady.

Prezident Erdogan, Nýu-Ýorkda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň çäginde möhüm oturluşyklara gatnaşdy.

Prezident Erdogan ABŞ-na guran iş saparynyň çäginde dünýä liderleri bilen ýokary derejeli özara duşuşyklar geçirdi.

Duşuşyklarda Palestin, sebitara howpsuzlyk, ykdysady hyzmatdaşlyk we Türkiýäniň halkara meselelerdäki roly seljerildi.

Wýetnam

Prezident R. T. Erdogan, Wýetnamyň Prezidenti Luong Kuong bilen Nýu-Ýorkdaky Türköýünde duşuşdy.

Duşuşykda özara gatnaşyklar bilen sebitara meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Erdogan iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmelidigini we özara söwda mukdarynyň artdyrylmalydygyny nygtady.

Iki ýurduň arasynda sebitara we halkara platformalarda edilýän hyzmatdaşlygy ösdürmek isleýändiklerini nygtan Erdogan, Wýetnamyň Palestin meselesinde taryhyň dogry tarapynda ýer alýandygyny belledi.

BMG-nyň Howa sammiti

Prezident R. T. Erdogan Türkiýäniň 2025-nji ýylda gaýtadan dikeldilýän energiýanyň paýynyň 60 göterimden geçendigini aýtdy.

Erdogan, Nýu-Ýorkda geçirlen BMG-nyň Howa sammitinde eden çykyşynda Türkiýäniň 2035-nji ýyla çenli zyňyndylaryny 466 million tonna azaltmagy we umymy zyňyndylary 643 million tonna çenli aşaklatmagy maksat edinýändigini belledi.

Erdogan “2053-nji ýyla çenli bolan döwür üçin 0 zyňyndy derejesine ýetmegi maksat edinýäris”diýdi.

Fransiýa

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan, Nýu-Ýorkda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň çäginde Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen hem duşuşdy.

Duşuşykda Türkiýe bilen Fransiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen sebitara we halkara meseleler seljerildi.

Türkiýäniň Fransiýa bilen esasan söwda, energetika we goranyş senagaty ýaly ugurlarda edilýän hyzmatdaşlygy ösdürmek isleýändiklerini ýatlatdy.

 

 

ÇEŞME:TRT
Öwren
Erdogan Yragyň Premýer-ministri Sudani bilen söwda we terrora garşy göreş hakynda pikir alyşdy
BMG ABŞ-nyň Kuba goýan nebit embargosyna alada bildirýär
Türkiýe DKTR bilen täze ykdysady hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşar
Gresiýanyň Premýer-ministri Türkiýede saparda bolar
Hakan Fidan Eýrana guraljak harby hüjümiň hökümetiň agdarylmagyna sebäp bolmajakdygyny aýtdy
ABŞ Gaza parahatçylyk sammitini geçirer
Daşary işler ministri Hakan Fidan, ÝB-niň Giňelmekden jogapkär ýokary wekili bilen duşuşdy
6-njy fewralda başdan geçirlen ýer titremesinden soň gaýtadan dikeldiş işleri dowam edýär
Türkiýe ABŞ-Eýran söweşiniň öňüniň alynmagy üçin diplomatiýany ileri tutýar
Türkiýe bilen Saud Arabystany KAAN harby uçarlaryna birlikde maýa goýar
MHG-nyň maglumatçysy Jeffri Epşteýniň Ysraýylyň içalysy bolandygyna "ynanýar
Pakistan bilen Gazagystan özara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin 37 şertnama baglaşdy
Türkiýe Sudanyň bitewilige we özygtyýarlygyna goldaw berýär
Ysraýyl ABŞ-nyň Eýrana hüjüm guramagyny isleýär, emma Tramp egilşiksiz diplomatiýany ileri tutýar
Putin Eýranyň Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygyny kabul etdi
Türkiýe ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin töwellaçylyk etmäge taýar
Umumy türk elipbiýi meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy
ÝB-niň Eýranyň Ynkylap goragçylaryny “terror guramalarynyň” sanawyna almagyna garaşylýar
Siriýanyň Prezidenti Ahmed Şara Moskwa ikinji saparyny guraýar
Türkiýe bilen Nigeriýa özara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak isleýär