SYÝASAT
1 minut okamak
BMG-nyň Baş sekretary Russiýanyň Ukraina guran hüjümlerini berk ýazgardy
Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý düýn ir ertir beren beýannamasynda, paýtagta guralan hüjümlerde 12 adamyň ýogalandygyny we 40 adamyň ýaralanandygyny mälim edipdi.
BMG-nyň Baş sekretary Russiýanyň Ukraina guran hüjümlerini berk ýazgardy
BMG-nyň Baş sekretary Russiýanyň Ukraina guran hüjümlerini berk ýazgardy

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň Russiýanyň paýtagty Kiýew bilen birlikde Ukrainanyň beýleki şäherlerine guran howa hüjümlerini berk ýazgarýandygy nygtaldy.

BMG-nyň Baş sekretarynyň metbugat geňeşçisi Steffan Dužarriç, Nýu-Ýorkda metbugata beren beýannamasynda, Ýakyn Gündogarda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda durup geçdi.

Paýtagt Kiýew bilen birlikde Ukrainanyň beýleki şäherine guralan dron we raketa hüjümleri hakynda maglumat beren Dužarriç “Ilatly ýerlere guralýan hüjümlere alada bildirýäris” diýdi.

Dužarriç “Baş sekretar, Russiýanyň ýaragly güýçleriniň paýtagt Kiýewe we Ukrainanyň beýleki şäherlerine guran raketa we dron hüjümlerini berk ýazgarýar” diýip belledi.

Dužarriç hüjümleriň asuda ilatdan onlarça adamyň ýogalmagyna we ýaralanmasyna sebäp bolandygyny we infrastruktura uly zeper ýetirendigini nygtady.

Dužarriç BMG-nyň Baş sekretarynyň taraplara hüjümleriň gyssagly we şertsiz bes edilmegi üçin çagyryş edendigini ýatlatdy.

Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý düýn ir ertir beren beýannamasynda, paýtagt Kiýewe guralan hüjümde 12 adamyň ýogalandygyny, 40 adamyň ýaralanandygyny mälim edipdi.

Kiýewiň şäher häkimi Witaliý Kliçko bolsa rus goşunynyň hüjümleri sebäpli paýtagtda 21-nji awgustyň milli ýas güni hökmünde yglan edilendigini aýan edipdi.

 

 

Öwren
Prezident Erdogan Wladimir Putin bilen duşuşdy
“Türkiýe dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin tagalla edýär"
Ministrler Fidan bilen Güler, Pakistanyň Daşary işler ministri Dar bilen Bişkege gidýär
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Liderler sammiti Bişkekde öz işine başlady
Prezident Erdogan Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew bilen duşuşdy
Prezident Erdogan Bişkege bardy
Tramp “Men ABŞ-nyň Prezidenti bolmadyk bolsadym Ysraýyl ýok bolardy”
Eýran Ormuz bogazynda ABŞ-na degişli MQ-9 kysymly drony urup düşürendigini habar berdi
Ukraina Samara sebitindäki senagat desgasyna we Ozon onlaýn söwda ammaryna hüjüm gurady
Eýranyň Baş ştabynyň başlygy: “Duşmanyň täze howplaryna degişli gaýtawuly görkezeris”
Daşary işler ministri Hakan Fidan kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Ysraýyl 2 ýyl soň ahyry 5 ýaşyndaky Hind Ražaby öldürendigini boýun aldy
Prezident Erdogan Ýaponiýanyň Premýer-ministri Takaiçi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
“ABŞ-nyň Eýrana guraýan hüjümlerine goldaw bermäň”
Eýran: “Ysraýyl ABŞ bilen gazanylan ylalaşygyň durmuşa geçirilmegini bökdeýär”
Ýaponiýa: “ABŞ bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk diýseň möhüm”
Prezident Erdogan ABŞ-nyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Tramp, ABŞ-Eýran gepleşiklerini bökdän halatynda Omany bombalamak bilen hemle atdy
Tramp: “Esasy maksadymyz Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagynyň öňüni almak”
Papa Ysraýylyň palestinlilere edýän zulumynyň bes edilmegi üçin çagyryş berdi