Kuba: ​​"ABŞ-nyň mümkin bolan harby hüjümine taýýarlyk görýäris” diýdi

Kubanyň daşary işler ministriniň orunbasary Karlos Fernandes de Kossio: "Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hökümeti näme üçin öz ýurduny Kuba ýaly goňşy ýurda garşy harby herekete mejbur edýär?" diýip sorady.

By
Kuba: ​​"ABŞ-nyň mümkin bolan harby hüjümine taýýarlyk görýäris” diýdi

Kubanyň daşary işler ministriniň orunbasary ýekşenbe güni beren interwýusynda öz ýurdunyň ABŞ-nyň "mümkin bolan harby hüjümine" taýýarlyk görýändigini mälim etdi.

Karlos Fernandes de Kossio: "Biziň goşunymyz hemişe taýýar we hakykatda şu günler ähtimal harby hüjüme taýýarlyk görýär.  Dünýäde bolup geçýän zatlara seretmezlik sadalyk bolardy" diýip nygtady.

Kossio çozuşyň bolmajagyna umyt bildirip, onuň üçin hiç hili sebäp bolmajakdygyny hem beýan etdi.

Kubanyň daşary işler ministriniň orunbasary Karlos Fernandes de Kossio: "Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hökümeti näme üçin öz ýurduny Kuba ýaly goňşy ýurda garşy harby herekete mejbur edýär?" diýip sorady.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio sişenbe güni Kuba hökümetiniň tutuş ýurt boýunça elektrik togunyň kesilmegine çözüw tapyp bilmeýändigini we şol sebäpli ýurda täze liderleriň gerekdigini aýdypdy.

Rubio Ak Tamda žurnalistlere beren beýanatynda: "Kubanyň ykdysadyýeti işlemeýär we ony düzedip bilmeýän syýasy we hökümet ulgamy bar, şonuň üçin olar düýpli özgertmeleri amala aşyrmaly" diýip belledi.

ABŞ we Kuba 65 ýyl bäri biri-birini duşman hasaplaýarlar, ýöne Trampyň ýolbaşçylyk etmegindäki hökümet ýurda garşy basyşyny yzygiderli artdyrýar.

Kubanyň prezidenti Migel Dias-Kanel geçen hepde Waşingtonyň we Gawananyň resmileriniň pikir aaýralyklaryny aradan aýyrmak üçin gönüden-göni gepleşikler geçirýändigini habar beripdi.