TÜRKIÝE
2 minut okamak
Türkiýe bilen Pakistan açyk deňizde nebit-gaz gözleg işlerini geçirer
Pakistanyň Nebit ministri, Pakistanyň Türkiýe bilen açyk deňizde nebit-gaz göz işleriniň geçirilmegi üçin şertnama baglaşylandygyny mälim etdi
Türkiýe bilen Pakistan açyk deňizde nebit-gaz gözleg işlerini geçirer
Türkiýe bilen Pakistan açyk deňizde nebit-gaz gözleg işlerini geçirer / AA

Türkiýeli we pakistanly ýolbaşçylar, Pakistanda 40 blogy öz içine alýan nebit-gaz gözleg işlerine bilelikde gatnaşmak üçin ylalaşyk gazanandyklaryny mälim etdi.

Pakistanyň Nebit ministrligi, sişenbe güni Pakistanyň paýtagty Yslamabatda geçirlen 2025 Pakistan Magdançylyk maga goýum forumynyň çäginde bilelikde nebit-gaz gözleg işleriniň geçirilmegi boýunça şertnama baglaşylandygyny aýan etdi.

Pakistanyň hökümeti fewral aýynda Makran we Induz ýaly 40 blokda nebit-gaz gözleg işleriniň geçirilmegi boýunça tendr açjakdygyny mälim etdi.

Nebit ministrliginiň beýannamasy, “Şol tendr ýurduň energetika pudagy bilen ýakyndan gyzyklanýan daşary ýurtly maýadarlar üçin uly pursatdyr” diýildi.

Pakistanyň Mari Energies Limited, Oil and Gaz Dewelopment Jompany Limited we Pakistan Petroleum Limited firmalary, deňiz tendrine birlikde gatnaşmak üçin Türkiýe nebitleri anonim firmasy TPAO bilen şertnama baglaşdy.

Pakistanyň Nebit ministrliginden berlen beýannamada, “Bu strategik hyzmatdaşlygyň daşary ýurtly maýa goýumlaryň Pakistana getirilmegine  we ýurduň deňiz mümkinçilikleriniň ýüze çykarylmagyna we ulanylmagy üçin halkara tehnalogiýalaryň we tejribeleriň paýlaşylmagyna itergi berjekdigine ynanýarys” diýildi.

Gol çekişlik dabarasyna Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar bilen Pakistanyň Nebit ministri Ali Perwaiz Malik gatnaşdy.

Pakistan-Türkiýe hyzmatdaşlygyna uly ynam bildirýändiklerini aýdan Pakistanyň Nebit ministri Ali Perwaiz Malik, hökümetiň bu hyzmatdaşlyga uly goldaw berýändigini belledi.

Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar Yslamabat tarapyndan geçirlen Magdançylyk maýa goýum forumynyň netijeli geçendigini nygtady.

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
Daşary işler ministrligi Mladiç üçin jaýlama çäresiniň geçirilmegine reaksiýa bildirdi
Prezident Erdogan Milli Zenanlar Woleýbol ýygyndysyny Ýewropa Çempiony bolmagy bilen gutlady
Türk Milli zenan woleýbol ýygyndysy Ýewropada çempion boldy
Stambul howa menzili Ýewropada birinjililigi dowam etdirdi
Türkiýe we başgada ýedi ýurt Ysraýylyň palestinalylary göçürmek meýilnamasyny ýazgardy
Ankaranyň 8 aýlyk eksporty 20,7 göterim artdy
Stambulda DEAŞ bilen arabaglanşykly 1 adam täsirsiz ýagdaýa getirildi
Milli Howpsuzlyk guramasynyň başlygy Kalyn gresiýaly kärdeşi bilen duşuşdy
Woleýbolçy gyzlar ýarym finala gatnaşmaga hukuk gazandy
Stambulyň golaýynda iki söwda gämisi kakyşdy
Prezident Erdogan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammitine gatnaşar
Prezident Erdogan 30-njy awgust Ýeňiş baýramy mynasybetli ýüzlenme çap etdi
Türkiýe Gara deňizde gämilere guralan hüjümler sebäpli Ukrainanyň ilçisini çagyrdy
Daşary işler ministrligi: Halkara jemgyýetçiligi Netanýahu hökümetiniň ýalanlaryna ynanmaýar
Ukrainanyň Ankaradaky ilçisi Daşary işler ministrligine çagyryldy
Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Keçeli Gresiýa bilen bagly beýanat berdi
Türkýäniň polat önümçiligi iýul aýynda 7 göterim artdy
MGM: “SDG-nyň dargamagy, möhüm wakadyr”
Türkiýe we Siriýa Damaskda 10 milliard dollarlyk söwda maksadyny ara alyp maslahatlaşdy
Prezident Erdogan Beýik hüjümiň 104-nji ýyllygy mynasybetli ýüzlenme çap etdi