Rim Papasy XIV Leo Türkiyäniň dini sabyrlylygy barada öwgüli sözler aýtdy

Rim Papasy Türkiyäni dürli dinleriň arasynda parahatçylykly ýaşaýşyň nusgasy hökmünde öwdi we Prezident Erdoganyň Ukrainadaky we Gazadaky gapma-garşylyklary çözmekde araçylyk etmek mümkinçiligini nygtap geçdi.

By
Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan we Rim Papasy XIV Leo

Rim Papasy XIV Leo dürli dinlere ynanýan adamlaryň parahatçylykly ýaşap bilmeginiň mysaly hökmünde Türkiyäni görkezdi. Ol ýurduň ilatynyň esasy bölegi musulman bolan raýatlaryň hristian azlyklary bilen bilelikde ýaşaýandygyny belledi.

Rim Papasy XIV Leo: "Türkiye ilatynyň esasy bölegi musulmanlardan ybarat bolsa-da, onuň hristian jemgyýetleri hem bar. Bu dürli dinlere ynanýan adamlaryň parahatçylykly ýaşap biljekdigini görkezýän mysaldyr we dünýäniň muňa mätäçligi bar" diýip belledi.

Rim Papasy şeýle hem Türkiyäniň global parahatçylyk tagallalarynda oýnap biljek roluny nygtady we Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň Ukrainanyň, Russiýanyň we ABŞ-nyň liderleri bilen gatnaşyklaryna ünsi çekdi.

Rim Papasy Leo bu gatnaşyklaryň gepleşikleri ösdürmäge, ot açmaklary bes etmäge we Ukrainadaky urşy bes etmegiň ýollaryny öwrenmäge kömek edip biljekdigini belledi.

Palestina

Türkiyeden Liwana barýan uçarda žurnalistler bilen söhbetdeş bolan Papa, žurnalistleriň biri ondan Gazadaky we Ukrainadaky konfliktler barada prezident Erdogan bilen bolan şahsy duşuşyklaryň bolup-bolmandygy bilen bagly soragyna, duşuşyklaryň bolandygyny tassyklady.

Papa Leo Ankaranyň Ukraina urşuny bes etmek üçin gepleşiklere goşan goşandyny nygtap, Türkiyäni iki krizisde hem "möhüm aktýor" hökmünde häsiýetlendirdi.

Rim Papasy XIV Leo Watikanyň Palestinada iki döwletli çözgüdi goldaýandygyny gaýtalap, häzirki Ysraýylyň garşylygyna garamazdan, ysraýyllylar bilen palestinalylaryň arasynda dowamly parahatçylygy gazanmagyň "ýeke-täk ýolydygyny” aýtdy.

Rim Papasy XIV Leo: “Hemmämiziň bilşimiz ýaly, häzirki wagtda Ysraýyl bu çözgüdi kabul etmeýär, ýöne biz ony ýeke-täk çözgüt hökmünde görýäris” diýdi.