SYÝASAT
1 minut okamak
“Eýranyň galan ýadro desgalaryny 10 minutda urup bileris”
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp “Eýranyň galan ýadro desgalaryny 10 minutda urup bileris. Ýagny elimizde şeýle meýilnama bar” diýdi.
“Eýranyň galan ýadro desgalaryny 10 minutda urup bileris”
“Eýranyň galan ýadro desgalaryny 10 minutda urup bileris”

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, ýurdunyň hüjümleri sebäpli Eýrana uly zeper ýetirendiklerini we Eýranyň galan ýadro desgalaryny 10 minutda urup biljekdiklerini aýtdy.

Prezident Donald Tramp, Florida ştatynda metbugata beýannama berdi.

ABŞ-nyň harby operasiýalarynyň Eýranyň ýaragy güýçlerine we ýadro infrastrukturasyna uly zeper ýetirendigini aýdan Tramp “olaryň diňe sanaglyja ýadro desgalary galdy” diýdi.

Tramp “Bir ýada iki sany desgalary bilen gyzyklanyp bileris, olary 10 minutda urup bileris, ýagny gelimizde şeýle meýilnama bar” diýdi.

Tramp, Waşington bilen Tähranyň arasynda Kataryň töwellaçylyk etmeginde geçirilýän gepleşikler hakyndaky soraga “ýakynda täze hüjümler üçin taýarlyklar başlap biler” diýip jogap berdi.

Prezident Tramp, ABŞ-nyň Eýrana garşy guraýan harby hüjümleriniň geljek hepde gaýtadan başlap başlamajakdygy hakyndaky soraga bolsa jogap bermekden gaça durdy.