TÜRKIÝE
2 minut okamak
Fidan Gara deňizdäki dartgynlylygyň Ýewropa ýaýrap biljekdigini duýdurdy
Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan soňky hepdelerde gämileriň nyşana alynmagyndan we uçarmansyz howa ulaglarynyň öz territoriýasyna girmeginiň Ankara çynlakaý täsir ýetirendigini habar berdi.
Fidan Gara deňizdäki dartgynlylygyň Ýewropa ýaýrap biljekdigini duýdurdy
Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan
18 Dekabr 2025

Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan Gara deňizde Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky hüjümleriň artmagynyň deňiz howpsuzlygyna howp salýandygyny we netijede dörän durnuksyzlygyň sebitden daşary ýaýrap, Ýewropanyň has giň böleklerine täsir ýetirmegine sebäp bolup biljekdigini mälim etdi.

“TRT World” teleýaýlymyna beren ýörite beýanatynda Hakan Fidan soňky hepdelerde Türkiyäniň bu wakalardan gönüden-göni täsirlenendigini, iki tarapyň hem söwda gämilerini nyşana alýandygyny we uçarmansyz howa ulaglarynyň Türkiyäniň howa giňişligine girýändigini aýtdy. Hakan Fidan şeýle hem şuňa meňzeş wakalaryň Rumyniýa we Bolgariýa ýaly goňşy ýurtlara täsir ýetirýändigini belledi.

Türkiyäniň Daşary işler ministri: "Soňky hepdelerde bize örän agyr täsir ýetdi. Iki tarap hem gämileri nyşana aldy we indi uçarmansyz howa ulaglary diňe söweşýän taraplaryň üstünden däl, eýsem biziň territoriýamyzyň çäginde hem uçýar" diýip belledi.

Fidan Gara deňzinde howplaryň birnäçe ýyl mundan ozal deňiz minalary bilen başlanandygyny, olaryň käbiriniň Bosfor bogazyna ýetendigini we käwagt strategik taýdan möhüm bogazlardan geçýän deňiz gatnawyna çynlakaý howp salandygyny beýan etdi. Fidan: “Pursatlaryň birinde ýagdaý şeýle bir howply ýagdaýa geldi welin, gämi gatnawy togtap bilerdi” diýdi.

Hakan Fidan türk goşunynyň esasanam Rumyniýa we Bolgariýa ýaly sebitleýin hyzmatdaşlar bilen deňiz we howpsuzlyk boýunça artýan töwekgelçilikleri dolandyrmak üçin ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. Fidan şeýle ýagdaýa garamazdan diňe harby utgaşyklygyň ýagdaýy çözüp bilmejekdigini nygtady.

“Bu meseleleriň ählisini çözmegiň iň çalt ýoly ýaraşygy ýola goýmakdyr” diýip, bellän Fidan Ankaranyň söweşleri bes etmek üçin edilýän tagallalary doly goldaýandygyny beýan etdi.

Fidan dowam edýän dartgynlygyň giň gerimli netijeleriniň bolup biljekdigini duýduryp, “Sebitleýin dartgynlyk örän howply we diňe şu sebit bilen çäklenmän biler. Ol Ýewropanyň dürli künjeklerine ýaýrap biler” diýdi.

Prezident Rejep Taýýip Erdogan ozal Russiýa-Ukraina urşy döwründe Gara deňizde söwda we raýat gämilerine guralan hüjümleriň hiç kime peýda getirmeýändigini we deňiz howpsuzlygyna howp salýandygyny aýdypdy. Ol Türkiyäniň iki tarapa hem açyk görnüşde duýdurandygyny we Ankaranyň çaknyşygyň Gara deňze ýaýramagynyň öňüni almak üçin Montrýo konwensiýasyny berk ýerine ýetirýändigini nygtady.

Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen geçirilen söhbetdeşligiň doly görnüşi 18-nji dekabr, penşenbe güni, sagat 09:00-da diňe TRT World teleýaýlymynda efire berler.