Pakistanyň demirgazygynda ýerleşýän Kohat şäherindäki taryhy polis merkezinde bolan partlamada ilkinji kesgitlemelere görä 8 adam ýogaldy, 35 adam ýaralandy.
Haýber-Pahtunhwa sebitinde bolan partlamadan soň gözleg we halas ediş işleri başladyldy.
Içeri işler müdüri Zülfikar Hamid wakada 8 adamyň ýogalandygyny we 35 adamyň hem ýaralanandygyny aýtdy.
Hamid partladan soň derňew işiniň gozgalandygyny belledi.
Hüjümiň jogapkärçiligini heniz öz üstüne alan bolmady, emma sebit ýygy-ýygydan Pakistan Talibany TTP tarapyndan nyşana alynýar.
Pakistanyň Prezidenti Asyd Ali Zerdari partlamadan soň beren beýannamasynda wakada ýogalanlara gynanç bildirdi, ýaralananlara şypa diledi.



















