Gazagystanyň Milli nebit-gaz firmasy KazMunaýGazyň Dolanşyk geňeşiniň başlygy Askat Hasenow paýtagt Astanada saparda bolýan Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Arfiýa Eriniň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet bilen duşuşdy.
Duşuşykda iki ýurduň arasynda edilýän özara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar şeýle hem gazak nebitiniň özara bähbide laýyklykda Ýaponiýa ýetirilmegi meselesi hakynda pikir alyşdy.
MASLAHAT BERILÝÄR
Gazagystanyň Milli nebit-gaz firmasy KazMunaýGazyň Dolanşyk geňeşiniň başlygy Askat Hasenow, Gazagystanyň ýapon firmalary bilen edýän gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýändigini nygtady.
Taraplar özara hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmäge taýardyklaryny belledi.

















