DÜNÝÄ
1 minut okamak
NATO-nyň uçarlaryny uçuran “howp” dron däl, eýsem guş sürüsi bolup çykdy
Litwanyň howa giňişliginde ýüze çykmagy ähtimal dron howpy sebäpli NATO-nyň harby uçarlary uçuruldy. Emma radarlar tarapyndan anyklanan jisimiň guş sürüsidigi anyklandy.
NATO-nyň uçarlaryny uçuran “howp” dron däl, eýsem guş sürüsi bolup çykdy
(ARHIW) Litwada NATO-nyň uçarlaryny uçuran “howp” dron däl, eýsem guş sürüsi bolup çykdy.

 Litwanyň metbugatynda çykan habarlara görä Litwanyň Howplary Dolandyrmak Boýuynça Milli Merkezi (NKVC) düýn ýerli wagt bilen sagat 12:56-da ýurduň howa giňişliginde näbelli bir jisime degişli duýduryş alnandygyny habar berdi. Şeýle hem paýtagt Wilnýusda we onuň töwereklerinde sagat 12:59-da ýüze çykmagy ähtimal awia howp sebäpli sary duýduryş yglan edildi.

Radar ýazgylarynda uçarmansyz howa enjamy y diýlip çaklanan jisimi barlamak üçin ýurtda nobatçylyk edýän NATO-nyň harby uçarlary uçuryldy.

Geçirilen barlagyň netijesinde radarlar tarapyndan anyklanan jisimiň uçarmansyz howa enjamy däl, eýsem guş sürüsidigi anyklandy.

NKVC ilkinji radar şekillerinde guş sürüleriniň, uçarmansyz howa enjamlarynyňka meňzeş yzlary galdyryp bilýändigini habar berdi.

Takmynan 40 minut dowam eden howa duýduryşy bes edildi. Wagtlaýynça ýapylan Wilnýusyň howa menzilindäki gatnawlar hem gaýtadan başlady.

Öwren
Paşinýan: Azerbaýjan bilen parahatçylyk Ermenistanyň dowamlylygynyň esasyny emele getirer
Pakistanda ýolagçy otlusynyň relsden çykmagy netijesinde bäş adam ýogaldy
ABŞ-nyň prezidenti Tramp Hytaýyň we Russiýanyň Eýrana kömek edýändigine ynanmaýandygyny aýtdy
Yrakda terror guramasy DEAŞ-a degişli pozisiýa hatardan çykaryldy
Saud Arabystanynda Şa Halid howa menziline guralan hüjümde 1 adam ýogaldy
Türkiýe, Müsür, Pakistan we Saud Arabystany bilelikdäki beýanatda Husileriň hüjümlerini ýazgardylar
Zelenskiý Russiýanyň ylalaşygy kabul eden halatynda, Ukrainada saýlawlaryň geçiriljekdigini aýtdy
Riýad howa menzilinde guralan hüjümde 12 adam ýogaldy, 309 adam ýaralandy
ABŞ-da guralan ýaragly hüjümde dokuz adam ýogaldy
Kreml: Putin Eýranyň çaknyşygy çözmek bilen bagly beren teklibini Trampa ýetirdi
Russiýa Odessa portuna harby ýükleri alyp barýan ýük gämisine hüjüm gurandygyny habar berdi
Panamada ýer titremesinden soň uly betbagtçylyk yglan edildi
Nobeliň Parahatçylyk baýragy halkara hukugy boýunca işleri üçin Nawi Pillaýa berildi
Ukraina BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň gyssagly maslahatyny çagyrdy
Meksikada tussaghanada bolan gozgalaňda 10 adam öldi, 16 adam ýaralandy
ABŞ-nyň Eýran urşunda 81 harby uçary ýitdi ýa-da düýpli zeper ýetdi
BMG: El Nino Ýuwaş ummanyndaky ýylylygy rekord derejelere ýetirip biler
Fransiýada protestler dowam edýär
Trampyň aralyk saýlawyndan öň Eýrana garşy harby operasiýa geçirmegi meýilleşdirýändigi öňe sürüldi
Husiler Saud Arabystanynyň howa menzillerine we harby bazalaryna hüjüm gurandyklaryny habar berýär